Sepleriň elýeterliligi

Jeňçiler Kohistanaty gaýtadan basyp aldy


Owgan ýerli ýaraglylary.

Owgan ýerli ýaraglylary.

Demirgazyk Owganystanda howpsuzlyk şertleriniň ýaramaz bolmagyna galýandygy habar berilýär. Bu sebitiň Sar-i-Pul welaýatynyň Kohistanat atly etrabyny jeňçiler gaýtadan basyp aldy.

Mundan dört gün ozal “Arbaki” atly ýerli ýaraglylar “Talyban” söweşijilerini Kohistanat etrabyndan gysyp çykarypdylar.

Kohistanat etrabynyň düýn gije doly jeňçileriň kontrollygyna geçendigini Sar-i-Pul welaýatynyň polisiýasy hem tassyklady.

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýymerdanguly Myrady Demirgazyk Owganystandaky howpsuzlyk şertleri barada ýörite maglumat taýýarlady.

XS
SM
MD
LG