Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlygyň habarçysy üzňelikde galýar


Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmed Nepesgulyýew
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmed Nepesgulyýew

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanda tussag edilen habarçysy Saparmämmed Nepesgulyýewiň ejesi iýul aýynda tussag edilen ogluny şondan bäri görüp bilmeýändigini aýdýar.

Raýsina Saryýewanyň 24-nji awgustda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, tussaghananyň resmileri onuň öz ogly üçin elten azygyny almakdan boýun gaçyrypdyrlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy 35 ýaşly Nepesgulyýew iýul aýynda Awaza syýahat zolagyna sapar eden wagtynda ýitirim edildi. Soň onuň Awazanyň golaýyndaky Akdaş diýen ýeriň tussaghanasyndadygy garyndaşlaryna mälim edildi.

Tussaghananyň resmileri Nepesgulyýewiň “neşeli” dermanlar bilen tutulandygyny maşgalasyna aýtdylar.

Žurnalistiň ejesi bu aýyplamalary ret edýär we oglunyň neşe bilen bagly problemasynyň bolmandygyny aýdýar.

Halkara guramalary, şol sanda ÝHHG turkmen häkimiýetleriniň Nepesgulyýewi boşatmaga çagyrdylar.

XS
SM
MD
LG