Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Hukuk aktiwisti: prezidentiň geçirimliligi "hile"


Öňki syýasy tussag Ýuriý Rubtsow.

Öňki syýasy tussag Ýuriý Rubtsow.

Günäsi geçilen hukuk aktiwisti prezidentiň geçirimliligini "hile" diýip atlandyrdy.

Sud prosesinde köýnegini çykaryp, ýurduň prezidentine bedenine tatuirlenen "Lukaşenko ýok bol!" diýen ýazgyny görkezen Ýuriý Rubtsow ýaşaýan şäheri Gomelde 23-nji awgustda žurnalistlere "Lukaşenko özüniň ozal zamun alan adamlaryny boşatmak bilen ýene bir hiläni amala aşyrdy" diýdi.

Rubtsow, Lukaşenkonyň "ynsanperwelik prinsipine" salgylanyp, 22-nji awgustdan 23-nji awgusta geçilýän gije boşadylmagy barada perman çykaran alty syýasy tussagynyň biri.

Bu toparyň içinde öňki prezidentlige dalaşgär Mikalaý Statkewiç-de bar.

Tussag edilmeginiň sebäbi

Rubtsou özüniň boşadylmak planyndan habarynyň bolmandygyny aýtdy. Sakçylar ony hiç bir düşündiriş bermezden türmeden çykaryp, gapynyň agzynda geýim-gejimini we beýleki zatlaryny eline berip, prezidentiň günä geçişligi esasynda boşadylandygyny aýdypdyrlar.

Ol Gomelde günä geçişlige garşy çykyp, žurnalistlere özüniň tussag edilmeginiň syýasy sebäplidigini, hiç haçan hem özüni günäli hasaplamanlygy üçin doly aklanmalydygyny aýtdy.

2014-nji ýylda Rubtsowa ýüzi "Lukaşenko ýok bol!" diýen ýazgyly futbolka geýenligi üçin 25 gün türme tussaglygy berildi. Ýöne soňra sud diňlenişiginde sudýa dil ýetirdi diýip, ony mejbury zähmete çekmek barada höküm çykaryldy.

Protest

2014-nji ýylyň maýynda ýurtda aýlyk hakynyň pesliginiň garşysyna protest bildirip, mejbury zähmeti ret edenligi üçin ol iki ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Belarus hökümeti ýurtda ortaça aýlyk haky 600 dollar diýýär. Rubtsowyň aýtmagyna görä, bu bir çişirilip aýdylýan zat.

Lukaşenko özüniň 20 ýyldan gowrak prezidentlik döwründe başgaça pikirlenýänlere we oppozisiýa kän bir çydamlylyk görkezmedi.

Alty syýasy tussagyň boşadylmagy baradaky perman hem 11-nji oktýabra planlaşdyrylan prezidentlik saýlawlaryna taýýarlyk görülýän wagta gabat gelýär.

“Möhüm öňe gidişlik”

Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Federika Mogarini bilen Bileleşigiň giňelmegi boýunça komissary Ýohanes Hahn 23-nji awgustda çykarylan beýannamada “tussaglaryň boşadylmagyny Ýewropa Bileleşigi bilen Belarusyň arasyndaky gatnaşygyň gowulanmagyna tarap möhüm öňegidişligiň" alamaty diýip häsiýetlendirdiler.

Amerikanyň döwlet departamentiniň sözçüsi Jon Kirbi hem tussaglaryň boşadylmagyny "Belarus halky üçin oňyn waka we Birleşen Ştatlar bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin möhüm ädim" diýip atlandyrdy.

Belarus häkimiýetleri Rubtsow bilen Statkewiçden başga Mikalaý Dedkowy, Ihar Olinewiçi, Ýauhen Waskowiçi we Artýom Prokopenkony hem türmeden boşatdylar.

XS
SM
MD
LG