Sepleriň elýeterliligi

Hyrat: Partlamada 11 adam wepat boldy


Oba ýaşaýjylary partlamada ölen cagalaryň jesetlerini ýygnaýar, 25-nji awgust, 2015.

Oba ýaşaýjylary partlamada ölen cagalaryň jesetlerini ýygnaýar, 25-nji awgust, 2015.

Owgan resmileri ýurduň günbataryndaky Hyrat şäherinde ýangyç daşaýan ulagyň partlamagynyň netijesinde 11 adamyň, esasan çagalaryň wepat bolandygyny aýtdylar.

Hyratyň regional keselhanasynyň metbugat wekiliniň 25-nji awgustda aýtmagyna görä, bir gün öň bolan partlamada 18 adam ýaralanypdyr.

Metbugat-wekili Rafik Şerzaýyň aýtmagyna görä, partlama ýurduň içerki bosgunlarynyň ýaşaýan lageriniň golaýynda ýerleşýän gaz üpjünçilik toplumynyň içinde bolupdyr.

Wepat bolan 11 adamdan 10-sy çagalar.

Şerzaý ýaralananlardan dört adamyň bejergi üçin Eýrana iberlendigini aýtdy. Olaryň bedenleriniň 90% gowragy ýanypdyr.

Ýangyç daşaýjy ulagyň partlamagyna betbagtçylykly hadysanyň ýa hüjümiň sebäp bolandygy belli däl.

XS
SM
MD
LG