Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa: Bosgun merkezini ot aldy


Polisiýa Berliniň golaýynda bosgunlar üçin jaý ediljek sport merkeziniň ýanandygyny we munuň otlama bolmagynyň güman edilýändigini aýtdy.

Polisiýanyň 25-nji awgustda aýtmagyna görä, Germaniýanyň paýtagtyndan 40 kilometr uzaklykda ýerleşýän Nauen şäherinde gije bolan ýangynda hiç kim ýaralanmandyr.

DPA agentligine görä, ýanan jaýda ýurtda bosgunlyk soraýan 100 çemesi adam sentýabr aýynda ýerleşdirilmelidi.

Naueu şäherinde şu ýyl bosgunlara garşy ençeme demonstrasiýa geçirilipdi. Germaniýada bosgunlaryň ýaşaýan ýerlerine ençeme hüjümler edildi.

Germaniýanyň kabul edýän bosgunlarynyň sany öň görlüp eşidilmedik derejä ýetensoň, ýurduň içinde immigrantlara garşy çykyşlar güýçlendi.

XS
SM
MD
LG