Sepleriň elýeterliligi

Hytaýyň maliýe bazary çökýär


Hytaýyň maliýe bazarynyň görkezijileri dört gün bäri durnuksyz bolup, 25-nji awgustda 7.6% çenli pese gaçyp, sekiz aýyň dowamynda iň pes derejä ýetdi, Ýaponiýanyň aksiýalary hem aşaklady.

Emma Aziýanyň beýleki maliýe bazarlary global ýitgileriň ertesi dikelip başladylar, Ýewropanyň bazarlary hem günüň başyndaky söwdalarda ösüş görkezdiler.

24-nji awgustda Wall Streetde Dow Jones senagat indeksi 3.6% pese gaçdy.

Hong Kongyň, Günorta Koreýanyň, Awstraliýanyň we Singapuryň bazarlarynda hem kiçi ösüş emele geldi.

Analitikleriň aýtmagyna görä, bu ýagdaýda çökgünliligiň geçmişde galandygyny ýa-da ýöne haýallandygyny çak etmek kyn.

XS
SM
MD
LG