Sepleriň elýeterliligi

Nawaz Şarif Gazagystana barýar


Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif

Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif

Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif 25-nji awgustda iki günlük sapary bilen Gazagystana barýar.

Şarifyň prezident Nursoltan Nazarbaýew we premýer-ministri Karim Masimow bilen gepleşik geçirmegine garaşylýar. Gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklara, şeýle-de regional we halkara meselelere gönükdiriljekdigi aýdylýar.

“Pakistan Merkezi Aziýa regiony bilen taryhy we medeni gatnaşyklaryny ileri tutýar. Ol bu ýurtlar bilen hyzmatdaş gatnaşyklaryny ýaýbaňlandyrmaklyga ýykgyn edýär. Saparyň dowamynda ençeme ylalaşyklara gol çekilmegine garaşylýar” diýlip, Pakistanyň Daşary gatnaşyklar edarasynyň 24-nji awgustda ýaýradan beýannamasynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG