Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda türkmen-bolgar gepleşikleri geçirildi


Bolgariýanyň premýer-ministri Boýko Borisow
Bolgariýanyň premýer-ministri Boýko Borisow

Bolgariýanyň premýer-ministri Boýko Borisow Türkmenistana sapar etdi.
Boýko Borisowyň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşikleriniň başda “ikiçäk” formatda, soň giňeldilen görnüşde geçirilendigini türkmen mediasy habar berdi.

Resmi maglumatlara görä, taraplar söwda-ykdysady, ýangyç energiýa, saglygy saklaýyş we syýahatçylyk ugurlardan hyzmatdaşlyk meselesi maslahat edipdirler we soňky ýyllarda Aşgabatda we Sofiýada ýokary derejede we hökümetara işçi derejelerde geçirilen duşuşyklaryň netijeli bolandygyny belläpdirler.

Türkmenistan Bolgariýa gurluşyk, oba hojalygy, gaýtadan işleýji, transport we elektrik tehnologiýalar, derman üpjünçiligi we medisina senagaty ýaly ugurlar boýunça özüne perspektiw partnýor hökmünde garaýandygyny mälim etdi.
Şeýle-de gepleşiklerde Türkmenistanyň öz energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna çykarmak boýunça iri proýektlerde Bolgariýa strategik partnýor hökmünde garaýar.

Aşgabatdaky gepleşikleriň netijesinde ýurtlaryň ministrlikleriniň arasynda gurluşyk we arhitektura boýunça hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga, şeýle-de, Türkmenistanyň Senagatçylar hem telekeçiler bileleşiginiň we Bolgariýanyň kiçi hem orta biznesi ösdürmek boýunça döwlet agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gol çekildi.

XS
SM
MD
LG