Sepleriň elýeterliligi

“Ýaşulular öz ýüregindäkini aýdyp bilmeýär”


Türkmen ýaşululary.

Türkmen ýaşululary.

Şu ýylyň Ýaşulular maslahaty Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda geçirilýär. 10-njy sentýabrda geçiriljek bu maslahata her ýyl ençeme ýaşuly gatnaşýar we onda dürli meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Türkmenistanlylaryň käbirleri bu maslahatyň halka hiç hili peýdasynyň ýokdugyny aýdýarlar. Mary welaýatyndan özüni Orazsähet diýip tanyşdyran pensioner bu maslahatda ýaşulularyň hiç biriniň öz pikrini aýdyp bilmeýändigini belleýär. Şeýle-de, ol ýaşululara gürlemeli tekstiniň öňünden ýazylyp berlip, ýat tutdurylýandygyny nygtaýar.

Bu barada maryly pensioner Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG