Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gurbanguly, sen nähili adam?!”


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Azatlyk Radiosynyň sosial ulgamlarynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabatda “Alfa-Romeo-2015” kubogy ugrunda geçirilen awtosport ýaryşyna gatnaşandygy we onda türkmen lideriniň birinji orna eýe bolandygy barada çap eden wideosy tomaşaçylarymyzyň arasynda köp gyzyklanma döretdi.

Azatlyk Radiosynyň Facebook sahypasynda bu wideo bir günüň dowamynda 112 müňe golaý adam tomaşa edip, onlarça adam hem bu temadan öz pikirlerini ýazdy.

Ýazylan teswirlerde prezidentiň bu ýaryşa gatnaşmagyna we onuň birinji orny eýelemegine ýaňsyly garaýyşlaryň agdyklyk edýändigini görse bolýar.

“Masgaraçylyk”

Nigara atly okyjymyz: “Nirede, haýsy döwletde bar şunuň ýaly masgaraçylyk? Gurbanguly, sen keýp et, emma öz halkyň nähili ýagdaýda, nähili kynçylyklary çekýär, olara welin üns berme” diýip, ýeňiji prezidente kinaýaly ýüzlenýär.

Myrat atly okyjymyz hem 22-nji awgustda geçen awtoýaryşda birinjiligi alan prezidente ýüzlenip: “Sen nähili adam?! Döwleti masgara etdiň. Halkyň daşary ýurtlarda sürünýär, sen bolsa awtoulagda keýp çekýäň. Gurbanguly Berdimuhamedow, bir giden zat etdim diýip özüňi öwýäň, ilki bilen halkyňy doýur, iş-güýç bilen üpjün et, soňra sen awtoulaglarda gezelenç et” diýip ýazýar.

Beýleki ýaryşlar

Okyjylarymyzyň arasynda prezidentiň diňe awtoulag ýaryşy bilen çäklenmän, eýse beýleki gatnaşan dürli bäsleşiklerinde hem ilkinji orunlary almagyna ünsi çekenler-de bar.

Adil atly okyjymyz “Halkynyň aladasyny etmegi bilmeýän adamdan nämä garaşmaly?” diýen sorag bilen teswirine başlap, soňra ony: “Haçan görseň, özüni öwmekden başga zat edenok. Ýaryşlara gatnaşýar, aýdym aýdýar, ondan prezident bolarmy? Sen halkyňa seretmegi öwren. Sen-ä ýaryşlara gatnaş, ol ýerdäki adamlar hem işsiz, pulsuz ejir çeksinler!” diýen sözler bilen jemleýär.

Şahnoza atly okyjymyz hem bu pikiri dowam etdirip: “At ýaryşlarynda, awto ýaryşlarda, hemme zatda bu birinji” diýip, ýaňsyly tankydy orta atýar. Alina atly okyjymyz bolsa: “Ol hemme zatda birinji, halky ezmekde-de onuň öňüne geçip biljek ýok. Tüweleme, göz degmesin!” diýip, teswir galdyrypdyr.

“Bir är ýigit”

Babur atly okyjymyz öz gezeginde: “Ýurtda geçirilýän ýaryşlaryň ählisinde bu birinji bolýar. Biz muňa ynanar ýaly samsykmy?!” diýen soragy orta atýar.

Jennet atly okyjymyz öz teswirinde: “At ýaryşlarynda agtygy, awto ýaryşlarda özi, parahorluk ýaryşynda aýal doganlary, başga nämeleri sanaýyn?!” diýen ýiti soragy berýär we soňra-da öz teswirini şeýle jemleýär: “Bir är ýigit çykyp prezidente “ýapyk, diktatorlyk döwlet diýip bütin dünýä üstümizden gülýär, şonuň üçin, gel, bir demokratiýa ýaryşyna, halal iýip-içmek ýaryşyna-da goşulaly” diýip aýdaýsa”.

Belläp geçsek, prezidentiň birinji orny eýelemegine begenen okyjylarymyz hem ýok däl. Behzat prezidentiň ýeňşini gutlap, öz “berekellasyny” hem ýetiripdir.

Gepiň gerdişine görä aýtsak, ýokarky teswirler okyjylarymyzyň şahsy pikir-garaýyşlary we olar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny aňlatmaýar.

XS
SM
MD
LG