Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanyň ymamlary döwrebap tehnologiýadan peýdalanýarlar


Ymamlar

Ymamlar

Atin etrabynyň Sary-žon obasynyň ymamy Kubat Müsürow şu wagta çenli sosial ulgamlar bilen hiç hili gyzyklanmandyr. Ol sosial ulgamlar barada Gyrgyzystan bilen sebitde bolup geçýän ýagdaýlar babatdaky teleýaýlym habarlarynda eşidipdir. Ýöne anyk maglumaty tanyşlary bilen bolan gürrüňdeşlikde edinipdir. Onuň aýtmagyna görä, haçan-da ol sosial ulgamlarda tanyşlyga başlan mahaly, ol ýerde mobil ulgamyň üsti bilen çäksiz mümkinçiligiň gapysynyň açylýandygyny aňypdyr.

Kubat Müsürow bu hakda indi şeýle diýýär: “Diýmek, bu örän möhüm hem wajyp ýagdaý. Meniň teleýaýlyma tomaşa etmäge wagtym ýok. Häzirki döwürde telefonuň üsti bilen has köp maglumat edinmäge mümkinçilik bar ekeni. Facebook, Whatsapp sosial ulgamlarynyň üsti bilen üznüksiz aragatnaşyk saklap bolýar. Biz indi diňe özbaşymyza galmarys. Birek-birek bilen üznüksiz aragatnaşykda bolup, ýurdumyzda bolup geçýän ýagdaýlardan yzygiderli habardar bolup durarys. Diýmek, biz mundan owal gaty köp zady aňmandyrys we bilmändiris”.

Nazarbek Nyşanowyň aýtmagyna görä, Internet ulanmagy öwrenýän ruhanylaryň aglaba köpçüligi ýaşy gaty uly bolany sebäpli sosial ulgamlara baş goşmakdan gaça durupdyrlar. Şonuň üçinem seminar mahaly täze döwrebap tehnologiýanyň, adamyň ýaşyna garamazdan, hemmeler üçin ähmiýetlidigine, işjeň hem elýeterlidigine we ylaýta-da ymamlar üçin has bähbitlidigine doly göz ýetiripdirler.

Ymamlaryň algaba köpçüligi Internetdäki ekstremist propaganda söweşinde asgyn gelýärler. Şonuň üçinem, Nyşanowyň aýdyşy ýaly, şeýle seminarlar ymamlaryň Internet baradaky garaýşyny düýpgöter üýtgeder we göreş babatynda-da uly umyt döreder: “Biz olara nähili internet sahypalaryň bardygyny we olara nähili girilmelidigini düşündirýäris. Ymamlaryň hut özüniň täze materiýallar döretmegine garaşýarys. Meselem, biz Facebook sosial ulgamynda sowallara nähili jogap berip bolýandygyny, öz materialyňy nähili ýerleşdirmelidigini ýa-da şu we beýleki sosial ulgamlardaky pikir alşlyklara nähili gatnaşylýandygyny görkezýäris”.

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, Gyrgyzystanda ekstremistik mazmunly onlarça internet sahypasy hereket edýär. Olarda halky jyhada çagyrýan materiallara, hökümeti aýyplamalara, halyfatyň döredilmegi we partlaýjy enjamlaryň ýasalyşy baradaky ýörite sapaklara duş gelinýär. Soňky wagtlarda radikallaryň sosial ulgamlardaky agitasiýalary hasam möwjeýär.

Ideologiýa - esasy ýarag

"Yýman" atly dini kämilleşdiriş fondunyň müdiri Nuržigit Kadyrmekowyň aýtmagyna görä, eger ymamlar bütewilikde bir ugurdan hereket etmese, onda ýagdaý hasam bulaşar.

Seminarlar häzirlikçe diňe Çuý welaýatynyň metjitlerindäki ymamlara berilýär. Geljekde ýurduň bütin welaýatlaryndaky ymamlara şeýle seminarlaryň berilmegi göz öňünde tutulýar. Onuň bellemegine görä, edil häzirki döwürde ekstremizme garşy göreşiň iň esasy ýaragy ideologiýadyr: “Ekstremizme garşy göreşde iň täsirli ugry - ymamlaryň bilimini ýokarlandyrmakdyr. Biz ekstremizmi güýç bilen ýeňmegiň gaty kyndygyny görýäris. Biz dünýäde bolup geçýän ýagdaýlarda güýç ulanmagyň hiç hili peýda etmeýändigine hem göz ýetirýäris. Zyýanly ideologiýa garşy diňe öz ideologiýaň bilen jogap bermeli. Şonuň üçinem ymamlary kämilleşdirmek örän wajypdyr. Şonuň üçinem biz ruhanylara diňe bir din ugrundan däl, eýse dünýewi ugurlarda hem kämilleşdiriş sapaklaryny bermäge başladyk”.

Gyrgyzystanyň metjitlerinde iki ýarym müň ymam işleýär. Iki hepdelik seminar ýurduň ähli ýerinde geçiriler we onuň çäginde ymamlara döwrebap tehnologiýadan peýdalanmagyň ýollary hem tilsimleri öwrediler. Şonuň ýaly-da olara täsirli çeper gürlemek we adatdan daşary ýagdaýlarda howpsuzlyk çäreleriniň görülmegi ýaly sapaklar berler.

XS
SM
MD
LG