Sepleriň elýeterliligi

Orsýet sudy krymly Sentsowa 20 ýyl berdi


Ukrainaly kinorežissýor Oleh Sentsow

Ukrainaly kinorežissýor Oleh Sentsow

Orsýetiň sudy tussaglykdaky ukrain kinorežissýory Oleh Sentsowy “terrorçylyk” üçin 20 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

25-nji awgustda Rostow-na-Dony şäheriniň sudy Sentsowyň Krym ýarymadasynda terrorçy topary döredendigini we hüjüm üçin dildüwüşik gurnandygyny aýtdy.

Onuň bilen bilelikde sud edilen ukrainaly Oleksandr Kolçenko 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Sud höküm çykaransoň Sentsow we Kolçenko ukrain gimnini ýerine ýetirdiler.

2014-nji ýylda Orsýetiň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmegine garşy çykyş eden krymly Sentsow şol ýylyň maý aýynda tussag edilipdi we oňa ýarymadada orsýetçi guramalara garşy hüjümleri planlaşdyrmakda günä bildirilipdi.

39 ýaşly kinorežissýor özüne garşy ähli aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG