Sepleriň elýeterliligi

Balkanlardan günde 3 müň migrant geçer


Ýewropa Bileleşiginiň demirgazygyna barýan ýolda Balkan ýurtlarynyň içinden geçýän migrantlaryň sany günde 3 müňe ýetdi diýip, BMG-niň 25-nji awgustdaky prognozynda aýdylýar.

BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komissary özüniň Ýakyn Gündogardaky we beýleki ýerlerdäki agyr ýagdaýlar zerarly ýurdundan bosan adamlaryň her gün üç müň çemesiniň Gresiýadan Makedoniýa geçmegine garaşýandygyny aýtdy.

“Biz gelýän aýlarda adam akymynyň yzynyň kesilmegine garaşmaýarys» diýip, Bosgunlar edarasynyň sözçüsi Melissa Flemiň aýtdy.

Ol Siriýadaky we Yrakdaky zorluklaryň dowam edýändigini we Türkiýedäki, Iordaniýadaky, Liwandaky bosgun lagerlerindäki şertleriň ýaramazlaşýandygyny aýtdy.

Flemiň Germaniýa bilen Şwesiýanyň bosgunlaryň 43 prosentini kabul etjegini aýtdy.

XS
SM
MD
LG