Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda YouTube, Facebook çäklendirilýär


Täjigistandaky internet hyzmatlarynyň köpüsinden YouTube we Facebook sahypalaryna girip bolmaýar.

Ýurduň çar künjegindäki internet ulanyjylar 25-nji awgustda özleriniň bu websaýtlary diňe proksiler arkaly açyp bilendiklerini aýtdylar.

Täjigistanyň internet hyzmatlary üpjünçiligi birleşiginiň başlygy Asamuddin Atoew Azatlyk radiosyna bu saýtlara girmegiň käbir internet prowaýderleri tarapyndan, Döwlet kommunikasiýa gullugynyň buýrugy esasynda baglanandygyny aýtdy.

Täjigistanyň Döwlet kommunikasiýa gullugyndaky çeşme Azatlyk radiosyna bu iki saýta girmek mümkinçiligini çäklendirmegiň internet prowaýderlerine ynanylandygyny aýtdy. Emma ol munuň sebäbini aýtmady.

XS
SM
MD
LG