Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň tussag çalyşmak plany ýok


Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Yslam respublikasynyň «Washington Post» gazetiniň tussag edilen žurnalisti Jeýson Rezeýany Birleşen Ştatlarda saklanýan haýsydyr bir eýranly tussag bilen çalyşmak planynyň ýokdugyny aýtdy.

Eýran mediasy Hassan Kaşkawä salgylanyp, onuň 25-nji awgustda «tussag çalyşmak meselesi gün tertibinde ýok» diýendigini ýazýar.

Rezeýan, «Washington Post» gazetiniň Tährandaky býurosynyň başlygy hem Eýranyň, hem Amerikanyň raýaty bolup durýar.

39 ýaşyndaky žurnalist bir ýyldan gowrak wagt bäri tussaglykda saklanylýar. Ol içalyçylykda aýyplanýar.

Aklawçysy, 10-njy awgustda bolan sud diňlenişiginden soň, hökümiň birnäçe hepde içinde çykaryljakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG