Sepleriň elýeterliligi

Dawutoglu wagtlaýyn premýer bellenildi


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Ahmet Dawutogluny irki saýlawlardan öň geçiş premýer-ministri wezipesine belledi.

Dawutoglu prezidentiň tabşyrygy esasynda, noýabrda geçiriljek irki saýlawlardan öň, wagtlaýyn hökümet düzer.

Saýlaw geňeşiniň başlygy Sadi Güwen 25-nji awgustda saýlawlaryň 1-nji noýabrda geçiriljegini aýtdy.

Dawutoglu, Adalat we galkynyş partiýasy iýunda geçen saýlawlarda parlamentdäki 12 ýyllyk köplügini ýitirenden soň, koalision hökümet düzmegi başarmady.

Indi premýer-ministre geçiş hökümetini düzmek üçin bäş gün berilýär.

XS
SM
MD
LG