Sepleriň elýeterliligi

Pentagon: Türkiýe koalisiýa goşulmaga taýýar


Birleşen Ştatlaryň Goranmak departamenti ABŞ bilen Türkiýe Ankaranyň «Yslam döwleti» toparyna garşy halkara howa kampaniýasynyň doly bahaly agzasy bolmagy baradaky şertnamanyň "tehniki detallaryny» jemleýär diýdi.

Pentagonyň sözçüsi Piter Kuk 25-nji awgustda tehniki şertnamanyň işe girizilmegi birnäçe gün wagt aljak ýaly görünýär diýdi.

Ol Türkiýäniň Siriýada we Yrakda uly territoriýany eýelän «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerine garşy operasiýa näçe mümkin bolsa, şonça-da çalt goşulmaga taýýardygyny hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG