Sepleriň elýeterliligi

Eksport ýurtlary näme üçin darygýar?


Gazagystan öz puluny erkin bazara çykaranda, gazak teňňesi amerikan dollarynyň garşylygynda bahasynyň 25 prosentini ýitirdi.

Gazagystan öz puluny erkin bazara çykaranda, gazak teňňesi amerikan dollarynyň garşylygynda bahasynyň 25 prosentini ýitirdi.

Gazagystan öz ykdysadyýetini tebigy çig malyň eksportyna esaslanýan görnüşde gurmak bilen geçen 15 ýyllykda ösüşiň eşretini gördi. Ýöne ol indi munuň üçin gymmat baha tölemeli boljaga meňzeýär.

Ummasyz tebigy baýlyga eýe bu Orta Aziýa döwleti öten hepde öz puluny erkin bazara çykaranda, gazak teňňesi amerikan dollarynyň garşylygynda bahasynyň 25 prosentini ýitirdi.

Bu bolsa halkara inwestorlarynyň, Gazagystana dünýäniň edil beýleki çig mal öndürýän ýurtlary ýaly ýaramaz ýagdaýda diýip garamagy üçin, bir esas boldy. Dünýä möçberinde bahasy aşaklan çig mal eksporty indi Gazagystany kyn ýagdaýa salýar. Sebäbi geçmişde çig malyň ekportyna çendenaşa bil baglanlygy üçin, onuň daşary ýurt maýalaryny özüne çeker ýaly ösdüren beýleki sektorlary köp bolmady.

Ykdysady analitikleriň bellemegine görä, Gazagystan, şeýle hem şonuň ýaly ösüp gelýän beýleki ykdysadyýetleriň häzirki düşen ýagdaýy ykdysady ösüş üçin çig malyň eksportyna umyt baglamagyň nädereje töwekgelçiliklidigini görkezýär. Sebäbi nebit ýa metal ýaly zatlaryň global bahasyny öňünden çaklap bolanok.

"Olar geçen on ýyllykda çig mal harytlarynyň bahalarynyň ýokarlamagyndan aşa kop peýda gördüler. Bu bolsa girdejileri artdyrdy, içerdäki talabyň hem artmagyna getirdi" diýip, ösüp gelýän bazarlar boýunça ekspert William Jakson aýdýar.

"Ýöne öten ýyl ýa ondan öňräk biz bu [häzirki görýän] peselişiň şaýady bolduk. Hytaýda ösüş haýallady, ol ýerde maýa goýmak howatyrly boldy. Bu hem çig mala bolan talaby azaldar. Bu harytlaryň bahalarynyň aşaklamagyna getiren, ine, şu".

Çig malyň bahasynda bolan peseliş bu harytlary eksportirleýän ýurtlara bir garaşylmadyk zat bolup geldi. Sebäbi Hytaýda bolan çalt ösüş olaryň çig mal eksportyna bolan talaby artdyrypdy.

Pekiniň 11-nji awgustda, birdenkä diýen ýaly, öz puly ýuanyň hümmetini iki prosent peseltmegi hytaý ykdysadyýeti aşaklar, bu hem nebitiň bahasynyň aşaklamagyna elter diýen gorkyny oýardy. Bu göçüm OPEK-iň nebit öndürilişini ýokarlandyrmagy bilen birlikde Birleşen Ştatlarda nebitiň bahasynyň aşaklap, bir barrel nebitiň 43 dollara gelmegine sebäp boldy.

Şondan bäri hytaý ykdysadyýetiniň aşaklama bady gowşarly däl. 24-nji awgustda Hytaýda aksiýa bazary 8.5 prosent peselensoň Londonda, Parižde we Frankfurtda hem aksiýa bazarlary güýçli ýitgä uçrady.

Bilermenler sarp edilýän harytlaryň eksportyna bil baglaýan ýurtlar bu galagoplykdan sapak alyp, öz ykdysadyýetleriniň dürli sektorlaryny ösdürmeli diýýärler.

”Bloomberg Viewyň” synçysy Leonid Berşidski Gazagystan "çig mal haryt duzagyna düşdi" diýýär. Ol Gazagystan özüniň ähli serişdelerini çig mal sektoryna goýberip, "nebit önümini üç esse artdyrdy. 1990-njy bilen 2014-nji ýylyň aralygynda metal öndürilişini iki esseden hem artdyrdy. Bu gün "eksportyň 55 prosenti nebit, 14 prosenti hem metaldan durýar" diýip, Berşidski belleýär.

Şunuň ýaly, çig malyň eksportyna bil baglamak öňki Sowet Soýuzynyň beýleki ýurtlaryna hem häsiýetli.

Mysal üçin, eksportynyň 39 prosenti nebite garaşly Orsýet nebitiň bahasynyň 2014-nji ýylyň iýunyndan bäri ýarpydan gowrak aşaklamagy netijesinde milliardlarça dollar zyýan çekdi.

Eksportynyň 88 prosenti nebit bolan Azerbaýjan hem şeýle.

Türkmenistanyň tutuş eksportynyň 81 prosentini düzýän tebigy gaz. Ýöne bazarda onuň agdyklyk etmegine garamazdan, öndürilýän gazyň köpelmegi sebäpli onuň bahasy güýçli aşaklady.

Özbegistanyň iki sany esasy eksporty pagta bilen maşyn. Bularyň ikisi ýurduň tutuş eksportynyň 15 prosentini düzýär. Ýöne önümçiligiň talapdan ýokarydygy sebäpli pagtanyň bahasy gowşap ugrady.

Çig mal harytlarynyň bahasynyň häzirki üýtgäp durşy ösüş boýunça ekspertleriň "çig mal haryt duzagy" diýýäniniň esasy howpdugyny görkezýär. Diýmek, çig mal eksportynyň täk özi ösüp gelýän ýurtlaryň abadançylygy üçin zerur durnukly ykdysady ösüşi üpjün ederden ejiz.

XS
SM
MD
LG