Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşarda işleýän döwlet işgärleriniň ykbaly


Türkmen resmisi
Türkmen resmisi

Mälim bolşy ýaly Türkmenistanyň raýatlary dürli sebäplerden daşary ýurtlarda işleýärler. Daşary ýurtlarda işlemäge mejbur bolýanlaryň arasynda owalky döwlet işgärleriniň hem bardygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan türkmenistanly migrantlaryň aglabasy diýen ýaly işsizlik we güzeran ýagdaýy sebäpli daşary ýurtlarda işlemäge mejbur bolýandyklaryny öňe sürýärler.

Eýse, türkmenistanly döwlet işgärlerini daşary ýurtlarda işlemäge mejbur edýän sebäpler näme? Türkmenistanda döwlet işgärleri munuň bilen baglanşykly işläp ýören mahaly nähili ýagdaýlary başdan geçirýär? Daşary ýurtlarda eklenç gözlegine çykmaga mejbur bolan türkmenistanly döwlet işgärleri bu ýagdaýa özleri nähili baha berýär?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky tapgyrynda, daşary ýurtlarda işlemäge mejbur bolan döwlet işgärleriniň ykballaryny yzarlaýar we bu temada hemmeleri bilýän maglumatlary, başdan geçirmeleri, pikirdir-garaýyşlary hem bellikleri bilen gepleşige goşant goşmaga çagyrýar. Habarlaşmak üçin biziň elektronik hat salgylarymyz hat@azatradio.org we metbugat@gmail.com

Şeýle-de aşakdaky foruma teswirleriňizi ýazyp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG