Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fantast ýazyjynyň durmuş sapaklary


Reý Bredberi
Reý Bredberi

Edebiýatyň fantaziýa žanrynyň muşdaklary geçen hepde, doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli, ylmy fantastiki eserleri bilen edebiýat taryhynda uly yz galdyran ussat Reý Bredberiniň (22-nji awgust, 1920 – 5-nji iýun, 2012) eserlerini, onuň edebiýat, fantaziýa žanry barada aýdanlaryny, durmuş sapaklaryny ýatladylar.

Käbir pikirlere görä, fantastika, hyýalbentlik ýa-da göwün ýüwürtmek, göz öňüne getirmeler, toslama ýa çaklama esasynda eser ýazmak adamlary boş zatlar bilen güýmemekden, olaryň wagtyny ogurlamakdan başga zat däl.

Şol bir wagtda adamzadyň iň uly açyşlarynyň hyýal ýüwürtmek, gözlemek, göz öňüne getirmek bilen baglydygy, adamyň arzuw etmeginiň, göwün ýüwürtmeginiň juda möhümdigi aýdylýar.

Reý Bredberi 1970-nji ýyllarda žurnalist Jeýms Deý bilen söhbetdeşlikde köplenç kembaha garalýan fantastika žanry barada şeýle diýipdir:

«Göwün ýüwürtmek başarnygy aman galmak başarnygydyr, şeýle-de göwün ýüwürtmek başarnygy ösmek, kemala gelmek başarnygydyr.»

Bredberiniň pikiriçe, ylmy fantastiki eserleri okap ulalan çagalar durmuşda köp zat, tas hemme zat bilen gyzyklanýar.

Ol öz kemala geliş prosesinde ertekileriň we grek mifleriniň uly rol oýnandygyny aýdýar.

«Daýzam we ejem, üç ýaşymdan başlap, maňa Grimleriň ertekilerini, Anderseniň hekaýalaryny, Oz kitaplarynyň ählisini okap berdiler...»

Netijede, geljekki ýazyjy on-on bir ýaşlarynda eýýäm bularyň hemmesini bilýärdi, grek, rim miflerinden habarlydy. Munuň üstesine, ol Ýekşenbe mekdebine hem gatnaýardy we hristian miflerini hem bilmän biljek däldi.

Ýöne Bredberi özüni hakyky ylmy fantast ýazyjy hasaplamaýandygyny, eýsem ertekiçidigini, häzirki zaman mifleri, tehnologiýa barada ýazýan ýazyjydygyny aýdypdyr.

Geljekki ýazyjy hiç wagt kolleže gitmändir, ol ýazyjylar üçin kolležiň möhümdigine ynanmaýandygyny aýdypdyr.

«Bu örän howply ýagdaý. Meniň pikirimçe, ol ýerde özüne aşa göwni ýetýän professor kän, olaryň temegi örän ýokary, olar öte akyllydyryn öýdýärler, intellekt bolsa döredijilik üçin uly howp... sebäbi sen öz esasy hakyktyňda, kimdigiňde, nämedigiňde, näme bolmak isleýändigiňde durman, oňa derek rasionallaşdyrmaga hem-de zatlaryň sebäplerini toslamaga başlaýarsyň» diýip, ýazyjy söhbetdeşlikde aýdypdyr.

"Fahrenheit 451" romanynyň jildi.
"Fahrenheit 451" romanynyň jildi.

Reý Bredberi žurnalist Jeýms Deý bilen söhbetdeşlikde ýene şeýle diýipdir: «Meniň hat ýazýan maşynkamyň ýokarsynda 25 ýyldan gowrak wagt bir ýazgy - «Oýlanma!» diýen ýazgy dur. Sen maşynkanyň başynda hiç wagt pikir etmeli däl, sen duýmaly. Barybir seniň intellektiň duýgynyň aşagynda jaýlanan bolýar.»

Elbetde, Reý Bredberi 1953-nji ýylda çap edilen "Fahrenheit 451" (Farenheýt boýunça 451 gradus) atly gorkunç distopia romany bilen şöhrat gazanypdy, bu eserde Amerika ähli kitaplaryň gadagan edilen we tapylan islendik kitabyň urdan-tut ýakylýan ýurdy hökmünde suratlandyrylýar.

Ýöne ol bu meşhur eserinden öň we soň hem "Marslynyň hronikasy", "Bezelen adam" eserleri, ekranlaşdyrylan oýunlary, telewideniýe ssenarileri bilen tanymallyk gazanypdy.

Dünýä belli fantast ýazyjynyň doglan güni mynasybetli ýazylan makalalarda onuň döredijilik ussatlygyndan, durmuş sapaklaryndan başga ýene bir ýagdaý – oňa we onuň ylmy fantastiki eserlerine şübheli garalan halatlarynyň hem bolandygy ýatlanyldy.

Has dogrusy, Federal derňew býurosynyň ony yzygiderli gözegçilikde saklap, Bredberi kommunistlere duýgudaşlyk edýän bolmasyn diýip alada galandygy geň galmak bilen ýatlanylýar. Bu alada onuň eserlerinden başga many çykarjak bolýan “habarçylaryň” ýazan hatlary hem belli bir derejede itergi berene meňzeýär.

XS
SM
MD
LG