Sepleriň elýeterliligi

Wenada migrantlaryň maslahaty edilýär


Ýewropa Bileleşiginiň we günbatar Balkan ýurtlarynyň liderleri Wenada maslahat edýärler, olary migrasiýa meselesine üns bermegine garaşylýar.

27-nji awgustdaky maslahata german kansleri Angela Merkel bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Federika Mogherini hem gatnaşmaly.

Albaniýanyň, Bosniýanyň, Herzogowinanyň, Kosowanyň, Makedoniýanyň, Montenegronyň we Serbiýanyň hökümet başlyklary, Ýewropa Bileleşigine goşulmak isleýän beýleki ýurtlaryň ministrleri bilen bilelikde, eýýäm Wena toplandylar.

Migrantlaryň köpüsi Ýewropa Bileleşigine Balkan marşruty diýilýäniň üstünden gelýär.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun Ýewropadaky we beýleki ýerlerdäki ýurtlary öz duýgudaşlyklaryny görkezmäge hem-de krizisi soňlamak üçin elden geldik tagallany etmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG