Sepleriň elýeterliligi

Halkara Atom energiýasy gullugy bilen Gazagystan pes derejede baýlaşdyrylan uranyň bankyny döretmek baradaky şertnama gol çekdi.

Bu dünýäniň öňki sowet respublikasynda döredilen ilkinji baýlaşdyrylan uran banky bolar.

Bank döretmek baradaky şertnama BMG-niň ýadro gözegçiligi edarasynyň başlygy Ýukiýa Amano bilen Gazagystanyň daşary işler ministri Erlan Idrisow 27-nji awgustda, gazak paýtagty Astanada gol çekdi.

Halkara kontrollugynda saklanyljak bank 2017-nji ýylda işe girizilmeli.

XS
SM
MD
LG