Sepleriň elýeterliligi

Täjik öldüren ruslara ýyl kesildi


Täjik taksi sürüjisini öldürmekde günäli tapylan rus esgerlerine uzak möhletli türme tussaglygy berildi.

Täjigistandaky rus harby bazasynyň 109-njy garnizonynyň sudy 26-njy awgustda wzwod komandiriniň orunbasary Fýodor Basimowa 17 ýyl türme tussaglygy hökümini çykardy.

Harby birikmäniň ozalky komandiri Ildar Saharowa bolsa 13 ýyl türme tussaglygy berildi.

Bu iki esger 2014-nji ýylyň awgustynda, täjik taksiçisi Rahimjon Teşaboew Duşenbede öli tapylandan soň tussag edildi. 36 ýaşyndaky Teşaboew üç çaganyň atasydy we ol erbet gazaply ýenjilip, soňra damagy çalnan halda tapyldy.

XS
SM
MD
LG