Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ žurnalistleri efirde öldürildi


Birleşen Ştatlaryň iki sany teležurnalisti Wirjinia ştatynda janly gepleşik mahalynda atylyp öldürildi. Bu žurnalistleriň işleýän telestansiýasy (WDBJ) Alison Parker bilen Adam Wardyň 26-njy awgustda irden, Bedford okrugynda göni söhbetdeşligi ýazgy edýän wagtlary atylyp öldürilendigini aýtdy.

Interwýu alynýan adam aman galdy, emma ol hassahana ýerleşdirildi we operasiýa edilmeli boldy.

Jenaýatda güman edilýän Wester Flanagan ozal şol telestansiýada işlän adam diýip tanadyldy we ol öz eden hüjüminiň wideoýazgysyny sosial mediada çap eden bolup görünýär.

Ol hüjümden birnäçe sagat soň, polisiýanyň yzarlamasy netijesinde, özüni atyp ýaralady we biraz soň hassahanada ýarasyndan öldi.

XS
SM
MD
LG