Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Putine garşy sekizlik


Andreý Zubow.
Andreý Zubow.

1968-nji ýylyň 25-nji awgustynda 8 sany sowet raýaty Sowet Soýuzynyň ýolbaşçylygynda Çehoslowakiýa edilen harby çozuşyň garşysyna protest bildirip, Moskwanyň Gyzyl meýdanyna çykdylar. Olar "Siziň we biziň azatlygymyz üçin" diýen şygary saklap, oturma demonstrasiýasyny geçirdiler. Emma KGB tarapyndan şol bada tutuldylar we milt eden bu protest çäresi üçin ençeme ýyl sürgünde ýa türmede ejir, azap çekdiler.

Indi bu wakadan 47 ýyl soň käbir ors raýatlary özlerini şolar ýaly ýagdaýda duýýarlar. Ynsaplary olary orslaryň aglaba köplügi tarapyndan kabul edilýän syýasatlara protest bildirmäge iterýär.

Orsýetde başgaça pikirlenýänleriň köpüsi, mysal üçin Aleksei Nawalniý, Boris Nemtsow, “Pussi Riot” topary, Ýewgeniýa Çirikowa ýalylar günbatarda giňden tanalýarlar. Ýöne mundan başga-da kän bir üns berilmedik ençeme adam bar.

Andreý Zubow

Filosofiýa professory we tanymal syýasy kommentator Andreý Zubow prezident Wladimir Putini faşistik diktator Adolf Gitlere meňzedenligi üçin iş ornuny ýitirdi.

Ol 2014-nji ýylyň mart aýynda “Wedomosti” gazetinde ýazan synynda ors ýaragly güýçleriniň Krymda ýerleşdirilmegini Gitleriň 1938-39-njy ýyllarda Awstriýany basyp almagy bilen deňedi.

Zubow şonda Azatlyk Radiosyna "Men ukrainlere Orsýetde hemme adamyň Putiniň pikirlerine goşulmaýandygyny, başga Orsýetiň hem bardygyny görkezmek isledim" diýdi.

Alekseý Dimowskiý

Polisiýa işgäri Alekseý Dimowskiý 2009-njy ýylyň noýabrynda YouTube saýtynda bir wideo ýazgysyny ýerleşdirip, polisiýa işgärleriniň arasyndaky korrupsiýany ýiti ýazgardy. Putini kanunyň berjaý edilmegine gözegçilik edýän gulluklary arassalamaga çagyrdy.

Şondan soňra ol işden çykarylyp, kezzaplykda aýyplanyp tussag edildi.

Ýöne onuň eden işi tutuş Orsýetde onlarça polisiýa işgäriniň, prokurorlaryň we beýleki hökümet işgärleriniň şular ýaly wideolar bilen jemgyýetçilige ýüz tutmagyna sebäp boldy.

Sergeý Baranow

Ruhany sergeý Baranow "Pussy Riot" toparynyň üç agzasynyň tutulmagynyň garşysyna protest bildirip, ors prawoslaw kilisesinden ýüz öwürdi.

Ol özüniň Facebookdaky sahypasynda ýerleşdiren açyk hatynda bu toparyň garşysyna çykarylan hökümiň prawoslaw ybadathanasynyň we özlerine nähakdan "prawoslaw raýatlar" diýýänlariň göni meçew bermegi netijesinde çykarylandygyny ýazdy.

Darýa Polýudowa

Aklawçy we Krasnodar ülkesinde ýerli kommunistik partiýanyň aktiwisti Darýa Polýudowa hem ekstremizmde aýyplanýar. Oňa bäş ýyl türme tussaglygy berilmegi mümkin. Ol sosial mediada özüniň bir suratyny ýerleşdiripdir. Bu suratda bolsa onuň elinde "Ukraina bilen urşuň deregine Orsýetde rewolýusiýa" diýen ýazgyly plakat bar.

Darýa Polýudowa.
Darýa Polýudowa.

Mundan başga-da sosial mediada orslary "Putinden dynyp, sosialistik rewolýusiýa etmäge" çagyranlygy üçin oňa şular ýaly ýene bir aýyplanma garaşýar.

Wlad Kolesnikow

Moskwaly ýetginjek Wlad Kolesnikow Orsýetiň Ukrainanyň içerki işlerine gatyşmagyna garşy berk pozisiýany eýeleýär.

Ol Facebook sahypasynda ençeme tankydy teswirleri ýerleşdireninden soň mekdebe Ukrainanyň tarapyny çalýanlaryň geýýän futbolka köýnegini geýip baranda, okuwçylar oňa hüjüm edýärler.

Wlad Kolesnikow
Wlad Kolesnikow

Kolesnikow 11-nji iýunda "Ýylgyrmaga ýeterlik güýjüm bar. Men özümiň dogry iş edenimi çuň ýürekden bilýärin" diýip ýazdy.

Ol özüniň Orsýetden gaçyp çykmak barada oýlanýandygyny aýtdy.

Alekseý Dewoçenko

Meşhur aktýor Alekseý Dewoçenko hökümetiň sylag-serpaýyndan ýüz öwrüp, medeni şahsyýetleri ors hökümetini we döwlet kompaniýalaryny goldap geçirilýän çärelere gatnaşmazlyga çagyrdy.

Ol 2010-njy ýylyň martynda öz kärdeşlerine "Biz bir zat edip bilerismi?" sözbaşyly açyk ýüzlenme neşir etdi.

Alekseý Dewoçenko.
Alekseý Dewoçenko.

Bu ýüzlenmede Dewoçenko "jenaýatçy, bütinleý azyp ýoldan çykan" hökümeti tankytlap, sungatçylary hökümeti hiç bir halatda goldamazlyga çagyrdy.

2011-nji ýylda ol özüne döwlet tarapyndan berlen resmi baýraklardan ýüz öwürdi, 2014-nji ýylda hem bir hata gol çekmek bilen Ukrainadaky urşa garşylyk görkezdi.

Dewoçenko 2014-nji ýylyň noýabrynda Moskwadaky kwartirasynda öli tapyldy.

Aleksandr Bywşew

Orýol oblastyndan bolan mugallym hem şahyr Aleksandr Bywşew "Ukrainaly watançylara" atly şygryny ýazany üçin ekstremizmde günälendi we 2015-nji ýylyň aprelinde sud onuň garşysyna höküm çykardy.

2014-nji ýylyň mart aýynda ýazylan bu şygyrda Orsýetiň Krymy özüne birikdirmegi berk tankytlanýar.

Bywşew ýaňy golaýda beren interwýusynda bir aklawçynyň özüne sen Kremli goldan bolsadyň, onda "ekstremist" bolmazdyň diýenini gürrüň berdi.

"Ol maňa, mysal üçin, 'gyr ukrainlary, bombala Kiýewi' diýip ýazan bolsadyň, hiç kim seni ekstremizmde aýyplamazdy” diýdi. Bywşew ”Iň erbedi hem onuň bu aýdýanynyň dogrudygy" diýýär.

XS
SM
MD
LG