Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“YouTube Gaming” köpçülige hödürlendi


“YouTube Gaming” köpçülige hödürlendi.
“YouTube Gaming” köpçülige hödürlendi.

“YouTube” saýty iýun aýynda özüniň “YouTube Gaming” oýun platformasyny ýakynda köpçülige hödürlejekdigini mälim edipdi we şondan soň ol bu ugurdaky test-synaglaryny geçirip başlapdy.

Häzirki wagtda synag etapy tamamlandy we bu programma “Google Play Store-da” ýerleşdirildi.

“YouTube Gaming” oýun programmasy tehnologiýa enjamlarda oýun oýnamagy halaýanlar üçin göz öňünde tutulandyr. YouTube saýty bu programma arkaly oýun oýnamagy halaýan ähli ulanyjylary bir ýere jemlemegi maksat edinýär.

Bu programmada oýun oýnaýanlar üçin dürli mümkinçilikler bar. Ýagny oýun oýnamagy halaýanlar birek-biregi bilen gürrüň edip we göni efir ýaýlymlaryna goşulyp, öz halaýan oýunlaryna tomaşa edip hem-de ol barada öz pikir-garaýyşlaryny beýan edip bilerler.

Häzirki wagtda bu programma Android platformaly tehnologik enjamlarda elýeterli bolup, ýakyn wagtda onuň iOS we “Windows Phone” enjamlarynda hem hödürlenip başlanmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG