Sepleriň elýeterliligi

Orsýet gadagançylygy internetde ýaňsa alyndy


Orsýet günbatarda öndürilen ýuwujy serişdeleri dükanlaryň tekjelerinden ýok edýärkä, Internet muňa ýaňsylaýjy memler, ýagny informasiýanyň dürli görnüşleri bilen jogap berýär – olaryň käbirleri sypaýyçylykly, beýlekileri has gödegräk.

Bu ýakymsyz iş bolsa-da, käbirleri ony etmeli bolýarlar.

Orsýetiň bikanun azyk önümlerini ýok etmeginiň Internetde döreden reaksiýasy gowşap başlanda, Moskwa Günbataryň ady belli iri kompaniýalarynyň önümi bolan arassaçylygy saklamak we kir ýuwmak üçin niýetlenýän ýuwujy serişdelerini dükanlardan ýok etmek bilen Twitter ulanyjylar üçin täze nyşana döretdi.

25-nji awgustda Orsýetiň Alyjylaryň hukuklaryny goraýjy agentligi ýuwujy serişdeleri öndürýän daşary ýurt kompaniýalarynyň önümlerini ýurduň dükanlardan aýyrmagy tabşyrdy we muny halkyň saglygy ugrundaky aladalar bilen baglanyşdyrdy. Emma bu ädime Moskwanyň Ukrainanyň içki işlerine gatyşany üçin Günbataryň girizen sanksiýalaryna jogap diýip girizen çäreleri hökmünde garalýar..

Sosial medianyň ulanyjylary bu kemsidiji gadagançylygy ýaňsylamak boýunça hemişeki ýaly tiz jogap berdiler. Käbirleri dükanlara syýahat etmek usulyny ulandylar we dükanlarda Orsýet kapitalizme gadam basanda, hemme ýerde bol bolan, emma indi hem ýitip başlan ýuwujy serişdeleri gözläp başladylar.

“Bu gowy arassalaýjy serişde bolmaly, tekjelerden ýitirim bolan bolsa" diýip, Twitter ulanyjy Moskwanyň supermarketiniň edil häzir ýarym boş duran tekjesiniň suratynyň aşagynda ýazypdyr.

Käbir adamlar tiz wagtda gadagan boljak ýuwujy serişdeleri göterip, özlerini surata alyp, bu surat arkaly sowet döwründäki difisiti - haryt ýetmezçiligini ýaňzytdylar. Sowet döwründe difisit adamlaryň haryt toplamagyna we her bir haryt üçin sagatlap uzyn nobatlarda durmagyna sebäp bolupdy.

Ady belli blogger Rustem Adagamow şeýle suratlaryň birini Twitterde “aşa dowzah” diýen haştag bilen ýerleşdirdi.

Daşary ýurt ýuwujy serişdelerini öňünden satyn alyp ýetişmedikler gap-çanak ýuwmak hem kir ýuwmak üçin has surnukduryjy usullary ulanmaly bolarlar diýip, Twitterdäki maglumatlarda bellenýär.

Ulanyjylaryň biri geýim ýuwýan tagta, bedre we gaty sabyn “Rus dünýäsiniň watanperweriniň kir ýuwýan serişdeleri” diýip ýazýar.

Iş ýüzünde Orsýetiň ”Dožd TW” telekanaly tiz eksperiment geçirdi. Iki alyp baryjy iki sany birmeňzeş geýimi mürepbe bilen hapaladylar we olary aýry legenlerde ýuwdular – biri ady agzalmadyk daşary ýurt ýuwujy serişdesi bilen, beýlekisi-de Orsýetde öndürilen gaty sabyn bilen ýuwdular. Geýimleriň ikisi-de örän gowy arassalandy. Soňky döwürde Orsýetde örän ýörgünli “importozameşeniýe”, ýagny “importyň deregine” “üstün çykdy” diýip, alypbaryjy Lika Kremer yglan edýär.

Has gödek maglumatlar bolsa täze düzgünler we Orsýetde öz janyňa kast edişligiň ýokary derejesi bilen baglanyşdyrylýar.

“Milli ýüpden, milli sabyndan we milli taburetkadan has patriotik zat barmy” diýlip, Twitteriň maglumatynda aýdylýar.

Orsýet mediasynda azyk gaçakçylygy barada giň derejede maglumat berilmeginiň netijesinde Twitter giňişligi-de arassaçylyk saklamak üçin niýetlenen ýuwuş serişdeleri bilen bagly ýagdaýy yzarlamagyny dowam etdirýär.

Twitteriň ýene bir ulanyjysy hem: “Polisiýa Iwanowo şäheriniň ýaşaýjysynyň ýanyndan iki gram ”Persil” tapdy. Aýyplanýan adam sudda munuň ýöne bir kokaindigini subut etmäge netijesiz synanyşdy” diýip, kremlparaz ”LifeNews” neşirini ýaňsylaýan maglumat berýär.

Kir ýuwýan serişdeleriň we kokainiň arasyndaky meňzeşlikleri ýaňzydýan beýleki maglumatlar hem (memler) boldy. Olaryň birinde Al Paçinonyň çapyk ýüzli gahrymanynyň ak reňkli ürgün jisimli gaplaryň öňünde oýlanyp oturandygy görkezilýän surat fotoşop edilip, onuň bir ýerinde kir ýuwýan ”Persil” önüminiň gapyrjagy goşulypdyr.

Ýaňsylamalaryň käbiri ors dilinde okap bilmeýänler üçin elýeterli bolmasa-da, Günbatary ýaňzydýar. Twitter maglumatlarynyň birinde ABŞ-da ýerleşýän meşhur ”Procter & Gamble” kompaniýasynyň Mr. Clean ýuwujy serişdesiniň Orsýetdäki görnüşi ”Mister Proper” önümindäki suratyň takyr kelleli, gulak ysyrgaly gahrymany Orsýetiň ýöriteleşdirilen polisiýasy tarapyndan ýere ýatyrylyp, eliniň gaňrylandygyny görkezýän suratlar çekilipdir.

Ýene bir Twitter ulanyjy Orsýetiň häkimiýetleriniň azyk önümlerine girizen gadagançylygyny we güman edilýän parahorlugy ýaňzydyp, Moskwanyň Şeremetýewo halkara aeroportunda şeýle senarini göz öňüne getiripdir: “Şeremetýewoda ”Persili” anyklamak üçin türgenleşdirilen it ýolagçylaryň birine meseläni bir kilogram hamon bilen sazlap bolýandygyny gözi bilen düşündirdi” diýilýär.

Sosial medianyň käbir ulanyjylary şu zatlaryň ählisiniň netijesinde orsýetlileriň daşary ýurt ýuwujy serişdeleriniň gadagançylygynyň täsiri astyna düşmejeginiň ähtimaldygy bellenýär.

“Pilden iýmit iýip ýörenler ýuwujy serişdäni nätsin” diýip, Facebook ulanyjylaryň ýene biri ýazýar we şu ýylyň başragynda Stawropol şäherinde Maslennitsa baýramçylygynda ýaşaýjylara piliň üstüne goýup çörek berilýän pursadyny görkezýän suraty ýerleşdiripdir.

Twitterdäki maglumatlaryň ýene birinde gadymy ors yrymy ýaňzydylyp, “Boş bedreli aýaly görseňiz - bu gowy yrym, diýmek, aýala we bedrä entek gadagançylyk girizilenok” diýýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG