Sepleriň elýeterliligi

“Aýlyk haklarymyz iki aý bäri berilmeýär”


Milli manat.

Milli manat.

Lebap welaýatyndaky gaz gözleg we olara awtoulag hyzmatyny edýän käbir edara-kärhanalaryň işçilerine indi iki aý bäri aýlyk zähmet hakynyň berilmeýändigi habar berilýär.

Azatlyk Radiosyna bu hakda habar beren işçilerden biri Lebap nebit-gaz gözleg müdirliginiň guýylary synagdan geçiriş ekspedisiýasynda işleýändigini, özüniň we kärdeşleriniň iýul, awgust aýlary üçin zähmet haklaryny almandyklaryny aýtdy.

Azatlyk Radiosyna gürrüňi edilýän edara-kärhanalaryň resmilerinden işgärleriň edýän şikaýatlary barada maglumat almak başartmady.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy Osman Hallyýewiň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG