Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Reşit Meredow Türkiýä barýar


Türkiýede Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň üç taraplaýyn gepleşikleri geçiriler, diýilip türkmen mediasy habar berdi.

Resmi maglumata görä, 28-29-njy awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow prezidentiniň tabşyrygy bilen Türkiýä sapar eder.

Gepleşiklerde gozgaljak esasy meseleleriň biriniň üç ýurduň prezidentleriniň 2015-nji ýylyň oktýabr aýyna planlaşdyrylan duşuşygyna taýýarlyga degişlidigi habar berilýär.

XS
SM
MD
LG