Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Daşkendi 'YD' garşy göreşe çagyrdy


ABŞ Özbegistanyň “Yslam döwleti” toparyna garşy köpmilletli koalisiýa goşulmagyny sorady.

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça geňeşçisiniň orunbasary Daniel Rosenblumyň Daşkente saparynyň dowamynda 27-nji awgustda žurnalistlere aýtmagyna görä, ol öz çakylygyny ýaýbaňlandyryp, Özbegistandan onuň bu göreşe peýdaly bolup biljek diýip hasaplaýan islendik ýoldan goşulmagyny sorapdyr.

Rozenblum “YD” toparyna garşy urşuň diňe bir harby çäreleri däl, eýsem aňtaw maglumatlaryň toplanmagyny we toparyň maliýeleşdirilmeginiň öňüni almak boýunça tagallalary öz içine alýandygyny belledi.

31 million ilatly esasan musulman dinli Özbegistan goňşy Owganystanda “Talyban” toparyna garşy uruşda NATO-nyň strategik ýarany bolupdy.

XS
SM
MD
LG