Sepleriň elýeterliligi

Awstriýa: Ýük ulagynda 71 jeset tapyldy


Nikelsdorf, Awstriýa, 28-nji awgust, 2015

Nikelsdorf, Awstriýa, 28-nji awgust, 2015

Awstriýanyň polisiýasy uly ýolunyň egremçesinde goýlup gidilen bir ýük maşynynda 71 migrantyň, şol sanda dört çaganyň we sekiz aýalyň öli tapylandygyny aýtdy.

Şeýle-de polisiýanyň 28-nji awgustda aýtmagyna görä, bu ýagdaý bilen baglylykda Wengriýada üç adam tussag edilipdir.

Polisiýa bu sowadyjy ýük ulagyny Wenadan Wengriýanyň paýtagty Budapeşte barýan ýoluň gyrasynda tapdy.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bu ýagdaýyň 27-nji awgustda Wenada Balkan sammitinde migrantlar meselesini maslahat eden ýewropa liderlerini hopukdyrandygyny aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogherini betbagtçylykly wakanyň agza döwletlerini “karara we jogapkärçilige gelmäge” itermegine umyt baglaýandygyny aýtdy.

Siriýa we Liwiýa ýaly ýurtlary terk edýän ýüzlerçe müň adam Ýewropa Bileleşigine barýar.

Diňe bir Germaniýa başpena soraýanlarynyň sanynyň şu ýyl 800 müň adam boljagyny çak edýär.

XS
SM
MD
LG