Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Ykdysady ösüş bazary umytlandyrdy


ABŞ-nyň ykdysadyýeti geçen çärýekde dikeliş ugrunda görkezen hereketi bilen beýleki ösen döwletlerden tapawutlandy we global bazardaky ösüşe bildirilýän aladalanmalary köşeşdirdi.

Dünýäniň iň uly ykdysadyýeti ýyllyk derejesinde 3.7% ýaýbaňlandy we birinji çärýekdäki gowuşgynlykdan 0.6% öňe saýlandy, diýip Kommersiýa departamenti 27-nji awgustda habar berdi.

Şeýle ösüş derejesi dünýäniň beýleki ösen döwletlerinde bolmady. Ýaponiýa 1.6% peselişe sezewar boldy, Germaniýa 0.4% we Beýik Britaniýa 0.7% ösüş gazandylar. Fransiýada ösüş bolmady.

Bu ykdysady täzelik Wall Street maliýe bazaryny janlandyrdy, Dow Jones senagat indeksi 369 punkt ýokarlandy we şu hepdäniň başyndaky uly ýitgileriň öwezini dolmaga ýardam berdi.

Prezident Barak Obama täzeligi makullady.

XS
SM
MD
LG