Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Öňki kanun çykaryja 17 ýyl berildi


Öňki kanun çykaryjy Mihail Gluşçenko sud jaýynda, Sankt Peterburg, 21-nji awgust, 2015
Öňki kanun çykaryjy Mihail Gluşçenko sud jaýynda, Sankt Peterburg, 21-nji awgust, 2015

Orsýetli öňki kanun çykaryjy 1998-nji ýylda kanun çykaryjy Galina Starowoýtowanyň öldürilmegini gurnamakda aýyplanyp, 17 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Mihail Gluşçenko babatyndaky bu hökümi 28-nji awgustda Sankt Peterburgyň sudy çykardy.

2013-nji ýylda Gluşçenko “Demokratik Orsýet” partiýasynyň egindeş başlygy Galina Starowoýtowanyň ölümine gatnaşygy üçin sud edilipdi.

2015-nji ýylyň mart aýynda Gluşçenko derňewçiler bilen işleşip, biznesmen Wladimir Barsukowyň korrumpirlenen şäher resmileri bilen gatnaşyk gurnamagynyň öňüne böwet döreden Starowoýtowany öldürmegi tabşyrandygyny aýtdy.

Starowoýtowa 1998-nji ýylda Sankt Peterburgdaky öz jaýynda atylyp öldürildi.

2005-nji ýylda sud Starowoýtowanyň ölümine gatnaşykda iki adamy aýyplap, olary 20 hem 23 ýarym ýyllyk türme tussaglygyna höküm etdi.

XS
SM
MD
LG