Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanyň yslam galkynyş partiýasy gadagan edildi


“Täjigistanyň yslam galkynyş” partiýasynyň edara jaýy, Duşenbe, 28-nji awgust, 2015

“Täjigistanyň yslam galkynyş” partiýasynyň edara jaýy, Duşenbe, 28-nji awgust, 2015

Täjigistanyň Adalat ministrligi “Täjigistanyň yslam galkynyş” partiýasyny gadagan etdi we öňki Sowet Soýuzynyň giňişliginde resmi hasaba alnan ýeke-täk yslam partiýasynyň öz işlerini jemlemegine 10 gün berdi.

Ministrligiň 28-nji awgustda çap eden beýannamasynda “Täjigistanyň yslam galkynyş” partiýasynyň öz işini kanun taýdan dowam etdirip bilmeýändigini, sebäbi resmi hasaba alnan partiýa bolmak üçin ýeterlik agzasynyň ýokdugyny belledi. Ministrlik partiýanyň 58 şäherdäki we etraplardaky bölümleriniň ýapylmalydygyny aýtdy.

Partiýa Täjigistanda 1992-97-nji ýyllarda bolan gandöküşikli graždan urşy döwründe möhüm rol oýnapdy we 15 ýyllap Täjigistanyň parlamentiniň düzümine giripdi.

XS
SM
MD
LG