Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň Yslam partiýasy gadagan edildi


Täjigistan, Yslam partiýasynyň resmileri, 27-nji awgust, 2015 ý.
Täjigistan, Yslam partiýasynyň resmileri, 27-nji awgust, 2015 ý.

Täjigistanyň Adalat ministrligi Täjigistanyň Yslamçy gaýtadan döreýiş partiýasyny gadagan etdi. Ozalky Sowet Soýuzynyň territoriýasynda resmi taýdan hasaba alnan ýeke-täk yslam partiýasynyň öz işlerini togtatmagy üçin 10 gün wagt berildi.

Ministrligiň 28-nji awgustda çykaran kararyna görä, Täjigistanyň Yslamçy gaýtadan döreýiş partiýasy, agza sanynyň resmi taýdan hasaba alnan partiýadan talap edilýän möçberden azlygy sebäpli, kanuny esasda işlemegini dowam etdirip bilmeýär. Adalat ministrligi bu partiýanyň Täjigistanyň çar künjegindäki şäherlerde we etraplarda ýerleşýän 58 bölüminiň ählisiniň ýapylmalydygyny aýtdy.

Bu habar Yslamçy gaýtadan döreýiş partiýasynyň ýolbaşçylary Duşenbede žurnalistlere, täjik häkimiýetleriniň döredýän bökdençliklerine, şol sanda 24-nji awgustda paýtagtdaky ofislerini zor bilen ýapmaklaryna garamazdan, öz partiýalarynyň syýasy işjeňliklerini dowam etdirjegini aýdan gününden bir gün soň ýaýrady.

Ministrligiň beýanatyna görä, Yslamçy partiýa nobatdaky kongresini hem geçirip bilmez, ýagny onuň Duşenbedäki hususy jaýlaryň birinde döredilen edarasy hem bikanun hasaplanylýar.

Partiýanyň başlygy Muhiddin Kabiri mart aýyndan bäri Täjigistandan daşarda we ol 28-nji awgustda Azatlyk radiosynyň Täjik gullugy bilen söhbetdeşlikde partiýanyň syýasy geňeşiniň bu dörän ýagdaýy ara alyp maslahatlaşjakdygyny hem-de gelnen netijeleriň jemgyýetçilige aýan ediljegini aýtdy.

Azatlyk radiosynyň websaýtynda pikirini galdyran partiýa agzalarynyň biri Saýdumar Husaýni Adalat ministrliginiň beýanatyny «häkimiýetleriň partiýa görkezýän goşmaça basyşy» hökmünde häsiýetlendirdi.

«Ýurtdaky syýasy partiýalary diňe Ýokary suduň gadagan edip bilýändigine garamazdan, bu Yslamçy gaýtadan döreýiş partiýasynyň işjeňligine abanýan hakyky howp» diýip, Husaýni aýdýar.

Yslamçy gaýtadan döreýiş partiýasynyň agzalary we goldawçylary 27-nji awgustda geçirmekligi planlaşdyran metbugat ýygnaklarynyň ýerini üýtgedip, ony paýtagtda bir hususy jaýda geçirmeli boldular. Sebäbi ýygnagyň geçmeli ýeriniň, Şeraton Duşenbe oteliniň menejeri, elektrik problemalary sebäpli, bu çäräniň geçirilmegine mümkinçilik bolmajagyny aýtdy.

Partiýa ýolbaşçylary hususy jaýda geçirilen ýygnaklarynda hökümetden Yslamçy gaýtadan döreýiş partiýasynyň Duşenbedäki resmi edarasyny gaýtadan açmagyna rugsat bermegini talap etdiler. Olar bu edaranyň 11-nji sentýabrda geçirilmeli partiýa gurultaýynyň öňüni almak üçin ýapylandygyny aýdýarlar. Aýdylmagyna görä, partiýa bu gurultaýda täze ýolbaşçylaryny saýlamakçy eken.

Açyk syýasy çekişme

Yslamçy partiýanyň ýolbaşçylary açyk syýasy diskussiýa gaýdap gelmäge çagyrdylar we Täjigistanyň saýlaw sistemasynyň ne azat, ne-de adalatlydygyny aýtdylar.

Täjigistanyň Yslamçy gaýtadan döreýiş partiýasy ýurtda 1992-1997-nji ýyllarda bolan we onlarça müň adamyň ölümine, milliondan gowrak adamyň ýaşaýan ýerinden göçürilmegine getiren weýrançylykly raýat urşunda möhüm rol oýnady.

Bu partiýa Täjigistanyň parlamentinde 15 ýyllap, martda bolan soňky parlament saýlawlarynda ýeňlişe uçraýança wekilçilik etdi we saýlawlaryň resmi netijelerini sorag astyna aldy. Yslamçy gaýtadan döreýiş partiýasynyň wekilleriniň pikirine görä, bu saýlawlarda galplyga ýol berildi.

Kabiriniň kärdeşleri onuň daşary ýurtdan Täjigistana dolanmalydygyny, sebäbi munuň howpsuz däldigini aýdýarlar. Olar bu meselede bosgunlykdaky başga bir oppozisiýa lideriniň, 24-ler toparyny esaslandyryjy Umarali Kuwatowyň martda Stambulda janyna kast edilip öldürilendigini tutaryk edinýärler.

Prezident Emomali Rahmonyň daşary ýurtlarda ýaşaýan garşydaşlarynyň käsi Kuwatowyň janyna kast edilmeginiň täjik häkimiýetleri tarapyndan gurnalandygyny ýaňzydýar.
Täjigistana 1992-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýän Rahmon awtoritar dolandyryş usulynda, ýurduň adam hukuklarynyň, graždan azatlyklarynyň ýaramazlygynda tankyt edilýär.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG