Sepleriň elýeterliligi

"Aşgabat köp wada berdi"


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow

27-nji awgustda Kabulda Türkmenistanyň we Owganystanyň prezidentleriniň arasynda gepleşik geçirilip, ençeme hökümetara ylalaşyklara gol çekildi.

Türkmenistanyň resmi maglumatlaryna görä, Kabuldaky resmi gepleşiklerden soň G.Berdimuhamedow türkmen diasporasynyň wekilleri bilen duşuşyp, olara hususan-da, resmi gepleşikleriň netijeleri barada, şol sanda energetika, transport we Trans-owgan proýekti barada gürrüň edilendigini aýdypdyr. Öz tarapyndan owganystanly türkmenler Türkmenistanyň prezidentine özleri üçin wajyp meseleler bilen ýüzlenendiklerini aýdýarlar.

Owganystandaky habarçymyz Şamerdanguly Myrady şol duşuşyga gatnaşanlaryň biri Jowzjan welaýatynyň Garkyn etrabynyň oba geňeşiniň başlygy, etrap arçyny Gulam Resul Karýadar bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG