Sepleriň elýeterliligi

Norwegiýanyň Helsinki komiteti (NHK) Azatlyk Radiosynyň tussaglykdaky habarçysynyň gyssagly boşadylmagyna çagyrdy.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän Komitet bu barada 28-nji awgustda ýörite beýanat bilen çykyş etdi. Düýbi Norwegiýanyň paýtagty Osloda ýerleşýän Komitet şy ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenbaşy şäherinde tussag edilen žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýewiň ykbaly bilen bagly uly aladalanma bildirýär.

Saparmämmet Nepesgulyýew.

Saparmämmet Nepesgulyýew.

Norwegiýanyň Helsinki komitetiniň ýokary derejeli maslahatçysy Iwar Deýl (Ivar Dale) Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda: “Tussag edilen Nepesgulyýewiň nirede saklanylýandygy barada heniz hem maglumat berilmeýär. Türkmen häkimiýetleri halkara derejesinde eden çykyşlarynda ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýyny gowulandyrmagy wada berýärler. Emma muňa garamazdan, deliller munuň ýene-de tersinedigini görkezýär. Nepesgulyýewiň tussag edilmegi hem munuň şeýlediginiň ýene bir äşgär alamatydyr. Ol gyssagly azat edilmeli” diýdi.

Resmi aýyplama

Norwegiýanyň Helsinki komiteti “Nepesgulyýewiň maşgalasyna onuň neşe serişdeleri bilen ilteşikli tussag edilendigi barada resmi bolmadyk maglumatlar berilse-de, häzire çenli oňa garşy resmi taýdan aýyplama bildirilmedi. Şeýle-de häkimiýetleriň hiç biri Nepesgulyýewe garşy resmi bolmadyk derejede ýöňkelýän jenaýat işleri bilen ilteşikli takyk delil görkezmedi” diýip ýazýar.

Norwegiýanyň Helsinki komitetiniň ýokary derejeli maslahatçysy Iwar Deýl.

Norwegiýanyň Helsinki komitetiniň ýokary derejeli maslahatçysy Iwar Deýl.

Komitetiň maslahatçysy Iwar Deýl Nepesgulyýewiň düşen gününiň Türkmenistandaky beýleki garaşsyz habarçylaryň aglabasynyň ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlaryna çalym edýändigini aýdyp: “Biz türkmen häkimiýetlerinden Nepesgulyýewiň maşgalasyna onuň saglyk ýagdaýynyň kadalydygy hakda maglumat bermäge, ony adalatly sud etmäge çagyrýarys. Eger türkmen häkimiýetleri muny başarmasalar, onda olar Nepesgulyýewi derhal boşadyp, onuň öz žurnalistika işini dowam etdirmegine rugsat bermelidirler” diýdi.

Beýleki syýasy tussaglar

Norwegiýanyň Helsinki komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça wekili Marius Fossum: “Nepesgulyýewiň maşgalasyna onuň sud edilmek üçin Türkmenbaşa alnyp gidilendigi aýdylýar. Emma muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri maşgalanyň Nepesgulyýewi baryp görmegine rugsat bermeýärler. Nepesgulyýewiň nirede saklanylýandygy we saglyk ýagdaýynyň nähildigi dogrusynda nämälimlik bar.

Halkara jemgyýetçiligi Nepesgulyýewiň Annanyýazowyň (Ýatladýarys, Gulgeldi Annanyýazow 1995-nji ýylyň 12-nji iýulynda Aşgabatda geçirilen antihökümet protestine gatnaşanlygy sebäpli uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilipdi. Soň ol halkara hukuk guramalarynyň basyşlary netijesinde azatlyga çykyp, Norwegiýa emigrasiýa gitdi. Emma ýurtda häkimiýet çalşanyndan soň yzyna, Türkmenistana dolanyp bardy we gaýtadan türmä basyldy. Onuň şondan soňky ykbaly barada bilinýän zat az. – Redaktoryň belligi) we [Türkmenistandaky] beýleki syýasy tussaglaryň duçar bolan wehimlerine uçramazlygyny gazanmalydyr” diýýär.

Norwegiýanyň Helsinki komitetiniň beýanatynda Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň regionda we dünýäde iň ýapyk hem-de repressiw ýurtlygyna saklanyp galýandygy, adam hukuklaryny gorap çykyş edýän daşary ýurt guramalarynyň ýurda girmegine rugsat berilmeýändigi, ýurtda metbugata hökümet tarapyndan ýiti kontrollyk edilýändigi we hökümeti köpçülikde tankyt etmegiň tussag edilmä çenli alyp barýandygy nygtalýar.

Gepiň gerdişine görä bellesek, mundan owal hem adam hukuklaryny goraýjy abraýly toparlar we guramalar, şol sanda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Merkezi we Günorta Aziýa boýunça kömekçisi Nişa Biswal we ÝHHG-niň Metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Mýatowiç Azatlyk Radiosynyň tussaglykdaky habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň ykbaly bilen bagly alada bildirip çykyş edipdiler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG