Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýa ykdysady çökgünligiň bosagasyndamy?


Almaty, adamlar pul pul çalşylýan ýerde üýtgeşmeleri synlaýar. 19-njy awgust, 2015 ý.

Almaty, adamlar pul pul çalşylýan ýerde üýtgeşmeleri synlaýar. 19-njy awgust, 2015 ý.

Gazagystanda belli bir derejede milli pul birligi – teňňäniň hümmetiniň pese gaçmagy netijesinde dörän krizis we sebitiň beýleki ýurtlaryndaky bu ugurdaky tendesiýalar gönümel Hytaýdaky maliýe çökgünligi bilen baglanyşdyrylýar.

Merkezi Aziýa sebitindäki ykdysady krizisden bäri ýagdaýlar birneme kadalaşan hem bolsa, bu regionyň ýurtlarynyň Hytaýdaky ýagdaýlara nä derejede baglydygyny görkezdi.

Mejlis atly gepleşigimiziň nobatdaky sanynda, Merkezi Aziýada soňky döwür emele gelen ykdysady ýagdaýlar we onuň sebäplerini, rus ykdysadyýetiniň ýüzbe-ýüz bolup duran problemalarynyň regiona ýetirýän täsirini, nebitiň bahasynyň pesilmegini we olaryň geljekki mümkin netijelerini ara alyp, gürrüň ederis.

Mejlisiň bu günki myhmanlary:

Dr. Lcca Anceschi:- Glasgow uniwersitetindäki Merkezi Aziýa bölüminiň ýolbaşçysy;

Paolo Serbillo:- The Conway Bulletin atly neşiriň baş redaktorynyň orunbasary we Merkezi Aziýanyň ykdysadyýeti boýunça ekspert;

Bruce Pannier:- Azatlyk we Azat Ýewropa Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça habarlar çap edýän “Kishlok Ovozi” atly blogynyň redaktory.

Programmany Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar.

Gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG