Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat gümrük pajyny artdyrýar


Aşgabat, bazardaky bahalar.

Aşgabat, bazardaky bahalar.

Türkmenistan ýerli bazary goramak, daşary ýurda gidýän altyn pullary tygşytlamak maksady bilen daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň käbir görnüşleriniň gümrük paçlaryny ýokarlandyrýar.

Türkmen mediasy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň anna güni geçirilen hökümet maslahatynda ýurda daşardan getirilýän azyk önümleriniň käbir görnüşlerine täze gümrük paçlaryny bellemek barada edilen teklibi tassyklandygyny habar berýär.

Döwlet baştutany Ministrler kabinetiniň 21-nji awgustda geçirilen mejlisinde hökümete käbir azyk önümleriniň importyny azaltmak, olaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek we käbir azyk önümleriniň gümrük paçlaryny ýokarlandyrmak arkaly ýerli bazary goramak boýunça teklipleri taýýarlamak üçin on gün möhlet beripdi.

On günde bitirilen iş

Hökümet başlygynyň söwda pudagyna gözegçilik edýän orunbasary Pälwan Taganow mejlisde bu tabşyryklar boýunça edilen işleriň hasabatyny berdi.
Hasabatda aýdylmagyna görä, ýurda getirilýän önümleriň esasy bölegi önümçilik-tehniki maksatly önümlerden ybarat bolup durýar.

Ýagny, Taganowyň tassyklamagyna görä, daşarydan getirilýän azyk önümleri importyň 6,1 prosentini tutýar. Şeýle-de ol şu ýylyň ýedi aýynyň dowamynda ýurtda sarp edilen miwe şireleriniň 96,8 prosentiniň, suwlaryň 91,8, konserwirlenen gök önümleriň 87,2 kolbasa önümleriniň bolsa 61,8 prosentiniň Türkmenistanda öndürilendigini aýtdy. Umuman, wise-premýer bu önümleriň ýurtda ýeterlik derejede öndürilýändigini belledi.

Bu ýagdaý, Taganowyň tassyklamagyna görä, gürrüňi edilen önümleriň daşary ýurtlardan getirilmegini azaltmaga hem-de içerki mümkinçilikler esasynda ýerli bazary üpjün etmäge doly mümkinçilik berýär.

Şunuň bilen baglylykda, hökümet başlygyna daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň käbir görnüşlerine degişli gümrük paçlaryny girizmek teklip edildi.

Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, ýurduň prezidenti bu teklipleri doly tassyklap, ýerli çig mallaryň hasabyna azyk önümlerini öndürýän täze kärhanalaryň döredilmeginiň wajypdygyny nygtapdyr.

Ýöne gümrük paçlarynyň näçe ýokarlanjagy, azyk harytlarynyň haýsy görnüşlerine goşmaça paç salynjagy we täze tölegleriň haýsy wagtdan güýje girjegi barada anyk bir zat aýdylmaýar.

Hyýar importy alada döredipdi

Prezident Berdimuhamedow 14-nji awgustda geçiren hökümet maslahatynda häzirki döwürde Türkmenistana daşary ýurtlardan getirilýän soganyň möçberiniň 21 prosent, kartoşkanyň möçberiniň 18 prosent, hyýaryň möçberiniň 45 prosent, pomidoryň möçberiniň bolsa üç esse artandygyny aýdypdy. Şeýle-de ol bu gök önümleri daşary ýurtlardan getirmek üçin 50 million amerikan dollary möçberinde serişde harçlanandygyny aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýäde nebitiň bahasynyň arzanlamagy we döwlet gaznasyna gelýän girdejiniň azalmagy bilen baglylykda öz import ýollaryny optimallaşdyrmagyň çäresini agtarýar.

Bu çäreleriň çäginde daşary ýurtlara eksport edilýän we daşardan getirilýän önümleriň öwezini tutjak önümleri köp öndürmek göz öňünde tutulýar.

Emma Azatlyk radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan ýerli kärendeçileriň aýtmaklaryna görä, gök önümleriň bolçulygyny döretmeli daýhanlaryň ýer eýesi, suw eýesi bolmak, erkin bazar şertlerinde has erkin we netijeli işlemek, gowy gazançly, gurply daýhana öwrülmek arzuwlary emeli bökdençlikler sebäpli iki onýyllykdan gowrak wagt bäri başa barman gelýär.

XS
SM
MD
LG