Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ministrler jarnama gol çekdiler


Azerbeýjanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň Antalýada geçiren üç taraply gepleşikleriniň netijesinde jarnama gol çekildi diýip, Trend habar gullugy Azerbeýjanyň daşary işler ministrligine salgylanyp, 28-nji awgustda habar berdi.

Ministrler duşuşyk mahalynda üç ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň ilerledilişinden kanagatlanma bildirdiler we hyzmatdaşlygyň çäginde ýörite proektleriň işlenip düzülmegine umyt baglaýandyklaryny aýtdylar.

Şeýle-de ministrler Azerbeýjanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň prezidentleriniň 15-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek sammitine taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ministrler Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gazynyň Türkiýäniň üstünden Ýewropa we halkara bazarlaryna aşyrylmagynyň wajyplygyny nygtadylar, hyzmatdaşlygy we transport pudagyndaky mümkinçilikleri doly ulanmak maksady bilen, Owganystan-Türkmenistan-Azerbeýjan-Gürjüstan-Türkiýe transport karidoryny gurmak barada hem gürrüň etdiler diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG