Sepleriň elýeterliligi

Owgan resmisi günorta Owganystanda «Talyban» jeňçileriniň aýry-aýry hüjümlerinde azyndan 8 polisiýa ofiseriniň öldürilendigini aýdýar.

Polkownik Asadullah Ensafi, Gazni welaýatynyň polisiýa başlygynyň orunbasary 29-njy awgustda welaýatyň Andar we Garabag etraplaryndaky polisiýa nokatlaryna edilen hüjümlerde 15 sany polisiýa ofiseriniň ýaraly bolandygyny hem habar berdi.

«Talyban» 28-nji awgustda edilen hüjümleriň jogapkärçiligini öz boýnuna aldy.

Synçylar pitneçileriň soňky wagtlar polisiýa nokatlaryny nyşana alyp, bir topar adamy öldürendiklerini aýdýarlar.

Ensafi owgan howa güýçleriniň 28-nji awgustda Gazniniň paýtagtynda 16 jeňçini öldürip, 17 jeňçini bolsa ýaralandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG