Sepleriň elýeterliligi

"Al-Jazeera" žurnalistlerine 3 ýyl berildi


Müsür sudy «Al-Jazeeranyň» iňlis žurnalistlerine üç ýyl türme tussaglygyny berdi.

Sud metbugat aztlygyny wagyz edijiler we adam hukuklaryny goraýjylar tarapyndan tankyt edilen uzaga çeken seljerişlikden soň, 29-njy awgustda, "Al-Jazeeranyň" üç žurnalistine - kanadaly Muhammad Fahmä, awstraliýaly Piter Greste we müsürli prodýuser Baher Mohammede 3 ýyl türme tussaglygyny berdi.

Olar 2013-nji ýylyň dekabrynda, Dohada ýerleşýän telewideniýe üçin işleýän wagtlary tutuldy. Bu üç žurnalist ilki häkimiýetleriň terrorçy gurama diýip yglan eden «Musulman doganlygyna» dahyllylykda, milli howpsuzlyga zyýan ýetirýän ýalan maglumaty ýaýratmakda aýyplandy we soň gaýtadan sud edilmeli edildi.

Müsür Gresti fewralda deportasiýa etdi, Fahmi we Mohammed biraz soň girew esasynda azatlyga goýberildi.

XS
SM
MD
LG