Sepleriň elýeterliligi

Polşanyň medeniýet ministriniň orunbasary 28-nji awgustda nasistleriň ogurlan bir otly ýüki altyn-kümüş şaý-sep hazynasynyň tapylandygyna 99 prosent ynamlydygyny aýtdy.

Nasistleriň ogurlanan alty-kümüş ýüklenen otlusy Walbžih şäheriniň töwereginde, 1945-nji ýylda Gyzyl goşundan gaçanda ýitirim bolupdy.

Hazyna gözleýjiler «altyn otly» diýilýäni onlarça ýyllap gözledi.

Golaýda bir polşaly we germaniýaly özleriniň ulanylmaýan bir ötükden alty-kümüş ýükli bronly otly tapandyklaryny aýtdylar we özlerine maliýe sylagynyň berilmegini talap etdiler.

Medeniýet ministriniň orunbasary Piotr Zuçowskiý, radar şekilini göreninden soň, munuň akyla sygmajak bir tapyndy bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol bu hazynany tapan iki adamyň ol otludaky baýlygyň on prosentini talap etmäge haklydygyny sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG