Sepleriň elýeterliligi

Yraklylar korrupsiýa protest bildirýärler


Onlarça müň yrakly Bagdatda we paýtagtyň günortasynda beýleki şäherlerde korrupsiýa garşy demonstrasiýa geçirdiler.

28-nji awgustda Bagdadyň Tahrir skwerine toplanan demonstrasiýaçylaryň arasynda radikal şaýy ruhanysy Muktada al-Sadryň goldawçylary hem bardy.

Kerbalada, Basrada, Babilde hem kiçiräk demonstrasiýalar geçirildi.

Yragyň ýokary şaýy ruhanysy, aýatolla Ali al-Sistani hökümeti giň ýaýran korrupsiýa garşy hakykatdanam göreşmek isleýändigini subut etmäge, suw, elektrik üpjünçiligini, saglyk hyzmatyny gowulandyrmaga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG