Sepleriň elýeterliligi

ÝB ministrleri otly howpsuzlygyny maslahatlaşýar


29-njy awgustdaky maslahat ýolagçylar, şol sanda üç amerikan we bir britaniýaly Amsterdamdan Pariže barýan ýokary tizlikli otluda ýaragly adamyň hüjüminiň öňüni alanyndan soň geçirilýär.

Fransuz howpsuzlyk resmileriniň maglumatyna görä, Parižde dokuz ýurduň içeri we transport ministrleriniň derejesinde geçirilýän adatdan daşary ýygnakda bagaž barlaglary, şahsyýet barlagy we has kän ýaragly goragçy meseleleri ýaly çäreler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Emma muňa garamazdan, ministrleriň Ýewropanyň azat-serhet syýahat düzgünini, ýagny Şengen zonasynyň ýörelgelerini sorag astyna almakçy däldigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG