Sepleriň elýeterliligi

Sünni alymlary "Muhammet" filmine garşy


Majid Majidi, kinorejissýor

Majid Majidi, kinorejissýor

Tanymal sünni alymlary Tährany Muhammet pygamberiň durmuşyna bagyşlanan täze filmi gadagan etmäge çagyrýarlar.

Bu kino 27-nji awgustda tomaşaçylara hödürlendi we onuň Eýranda, şaýy musulmanlarynyň köplük bolup ýaşaýan ýurdunda rekord derejede girdeji getirmegine garaşylýar.

Müsüriň Al-Ažar uniwersitetiniň, sünni yslamynyň iň bir abraýly institutynyň alymlary özleriniň bu kinoda – «Muhammet allanyň resuly» atly täze filmde pygamberiň ýüz keşbiniň görkezilmezligi üçin görlen seresaplylyk çärelerinden razy bolmandyklaryny aýdýarlar.

Aslynda trilogiýa bolmaly filmiň häzir birinji bölegi tomaşaçylara hödürlenýär we 171 minutlyk kinonyň dowamynda Muhammet pygamberiň çagalyk, ýetginjeklik döwri barada söhbet açylýar.

Oskar baýragyna hödürlenen kinorejissýor Majid Majidi, musulmançylyk talaplaryna eýerip, ekranda oglan aktýoruň ýüzüni görkezmeýär, ony ýeňsesinden görkezýär ýa-da oglanyň diňe kölegesini görkezmek bilen çäklenýär.

"Bu mesele bireýýäm çözlen. Şerigat pygamberleriň şekilini çekmegi gadagan edýär” diýip, Al-Ažar uniwersitetiniň yslam teologiýasy fakultetiniň dekany, professor Abdel Fattah Alawari aýdýar.

"Yslamda muňa rugsat edilmeýär, sebäbi ol aktýoryň gapma-garşylykly rollary bar, sen käte ony lül-gammar içgili halda görýärsiň, käte bolsa aýalbaz rolunda synlaýarsyň... Ine birdenem ol pygamberiň rolunda oýnaýar... bu rugsat berilmeli zat däl» diýip, ol «Roýters» habarlar gullugyna aýtdy.

Täze kinonyň afişasy, Tähan, 24-nji awgust, 2015 ý.

Täze kinonyň afişasy, Tähan, 24-nji awgust, 2015 ý.

Yslam dünýäsiniň iň uly aýdym-saz ýyldyzlarynyň biri bolan Sami Ýusuf bu filmiň aýdymlaryny ýerine ýetirdi, ol «Roýters» habar gullugyna käbir sünni alymlarynyň bu filme garşy çykmagynyň syýasy sebäplidigini aýtdy.

«Men Al-Ažaryň bu kinony tankytlaýan adamlary we beýlekiler entek pygamber baradaky täze filmi görendir öýdemok, olar bu filme onuň Eýranyň medeni eksporty bolup durýandygy üçin garşy çykýarlar» diýip, Sami Ýusuf aýdýar we şaýy döwletine sünnileriň agdyklyk edýän ýurtlarynda bäsdeş hökmünde seredilýändigini öňe sürýär.

Ýusuf Muhammet pygamberiň durmuşyna bagyşlanan bary-ýogy iki sany uly kinonyň bolmagy, Isa pygamberiň, Musa pygamberiň we beýleki pygamberleriň durmuşyna bagyşlanan onlarça kino bilen deňeşdirilende, utanmaly bir ýagdaý diýdi.

Muhammet pygamberiň durmuşyna bagyşlanan ilkinji uly göwrümli kino 1976-njy ýylda "Habar» ady bilen, siriýaly Mustafa al-Akkadyň direktorlyk etmeginde çykaryldy. Ol eserde Anthony Kwinn Muhammediň daýysy Hazanyň roluny oýnady.

Bu filmde hem Muhammediň ýüz keşbi ekranda görkezilmedi, emma käbir musulmanlar ondan göwün etdiler. Akkad 2005-nji ýylda, janyndan geçen bombaçynyň hüjümi netijesinde, Ammanda janyna kast edilip öldürildi. Ýöne bu hüjümiň kino bilen baglanyşygynyň bolup-bolmany bilinmän galdy.

Kinorejissýor Majidi bu kinonyň Eýranyň şu wagta çenli iň gymmat düşen filmi bolandygyny, ýagny onuň 40 million amerikan dollaryna düşendigini we bu ýerde maksadyň musulman däl adamlara yslamyň parahatçylykly tebigatyny düşündirmekden ybaratdygyny aýtdy.

"Men bu kinony düşürmek kararyna Günbatarda yslamy halamazlygyň täze tolkunyna garşy durmak üçin geldim, yslamyň günbatar düşündirişi zorlukdan we terrordan dos-doly» diýip, ol Eýranyň konserwatiw «Hezbollah Line» žurnalyna aýtdy.

Majidi özüniň pygamberiň durmuşyny beýan edişine hem şaýy, hem sünni alymlarynyň goldaw berendiklerini aýdýar. Şaýylar, sünnilere garanda, dini şahslaryň suratlarynyň çekilmegine has çydamly garaýarlar.

"Kinonyň baş gahrymanynyň ýüzüni onuň dowamynda bir gezegem görkezmezlik uly bir synag» diýip, Majidi AFP habar gullugyna aýtdy.

Eýranyň ýokary ruhanysy Aýatolla Ali Hameneýiniň bu filmiň düşülýän ýerine baryp görmegi ullakan goldaw alamaty boldy.

Täze kinoda Eýranyň tanymal aktýorlarynyň köpüsi oýnaýar we onuň Montrealda Film festiwalyny açan güni Muhammet pygamber baradaky kino Eýranyň 143 kino zalynda tomaşaçylara hödürlendi. Tährandaky bir kino zaly onuň häzir iň meşhur filmdigini aýtdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG