Sepleriň elýeterliligi

Ozalky döwlet işgärleriniň ykbaly


Lebap welaýaty, 15-nji oktýabr, 2013. Hökümet resmileri we studentler teleýazga taýýarlanýar.

Lebap welaýaty, 15-nji oktýabr, 2013. Hökümet resmileri we studentler teleýazga taýýarlanýar.

Türkmenistanlylar, ýurt içindäki syýasy-ykdysady meseleler bilen baglylykda, soňky ýyllarda barha kän daşary ýurtlarda işlemäge ýykgyn edýän ýaly görünýär. Daşary ýurtlarda işlemäge mejbur bolýanlaryň arasynda opalky döwlet işgärleriniň hem bardygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan türkmenistanly migrantlaryň aglabasy diýen ýaly işsizlik we güzeran ýagdaýy sebäpli daşary ýurtlarda işlemäge mejbur bolýandyklaryny öňe sürýärler.

Eýsem-de bolsa, ozalky döwlet işgärlerini daşary ýurtlarda işlemäge mejbur edýän sebäpler näme? Olar heniz Türkmenistanda döwlet işinde işläp ýören mahallary bu mesele bilen baglanşykly nähili ýagdaýlary başdan geçirýär? Daşary ýurtlarda eklenç gözlegine çykmaga mejbur bolan türkmenistanly döwlet işgärleriniň özleri bu ýagdaýa nähili baha berýär?

“Dünýä türkmenleri” gepleşigimiziň nobatdaky sany şu meselelere bagyşlandy we ony diňläp, hemmeleri söhbete goşulmaga çagyrýarys.

XS
SM
MD
LG