Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB bosgunlar meselesini 'anyk çözmeli'


Migrantlar protest bildirýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:11 0:00

Migrantlar Wengriýada protest bildirýärler

Germaniýa, Fransiýa we Britaniýa Ýewropa Bileleşigini barha möwjeýän migrasiýa krizisini çözmek üçin anyk çäreleri görmäge çagyrdy.

Germaniýanyň içeri işler ministri Thomas de Maiziere, Fransiýanyň içeri işler ministri Bernard Cazeneuve, Britaniýanyň içeri işler sekretary Theresa May 30-njy awgustda bilelikdäki beýanat ýaýratdy, onda Ýewropa gelýän bosgunlary has gowy garşylamaga çagyrylýar.

Beýanatda ýyl aýagyna çenli Gresiýa we Italiýa ýaly ýerlerde «gyzgyn nokatlaryň» döredilmeginiň zerurdygy aýdylýar.

Bu nokatlarda migrantlaryň barmak yzlaryny alyp, olary hasaba almak üpjün edilmeli we bu iş häkimiýetlere goraga mätäç adamlary has çalt kesgitlemäge kömek berer.

Resmiler bu krizisi ara alyp maslahatlaşmak üçin gelýän iki hepde içinde ÝB-niň içeri işler we adalat ministrleriniň ýörite duşuşygyny geçirmäge çagyrdylar.

Teşnelikden ölere gelen çagalar

Awstriýada, üsti 26 migrantly ýük maşynynda tapylan, teşnelikden agyr hala düşen üç ýaş çaga hassahana ýerleşdirildi.

Awstriýanyň APA habar gullugy 29-njy awgustda owganystanly, bangladeşli, siriýaly bosgunlary alyp gelýän ýük maşynynyň, biraz kowalaşykdan soň, german serhediniň golaýynda polisiýa tarapyndan saklanandygyny habar berdi.

Ruminiýaly sürüji tussag edildi.

Budapeştde Awstriýada taşlanyp gidilen we üstünden 71 migrantyň jesedi tapylan ýük maşyny bilen baglylykda güman edilýän dört adam sudda özleriniň bigünädiklerini aýtdylar. Güman edilýänler, üç bolgariýaly we bir owgan - bir aýlyk möhlet bilen tussaghanada saklanmaly edildi.

Olar 27-nji awgustda Awstriýanyň bir uly ýolunyň boýunda içi jesetli ýük maşyny tapylanyndan soň kän wagt geçmän tussag edildi.

Olar konflikt içindäki Ýakyn Gündogar we Afrika döwletlerinden Ýewropa gelmäge çalyşýan migrantlaryň üstünden girdeji gazanmaga çalyşýan adam gaçakçylygy toparynyň pes derejeli agzalarydyr diýip güman edilýär.
Awstriýada taşlanan ýük maşynynyň üstündäki migrantlar demigip ölendir öýdülýär.

Pidalaryň köpüsi siriýalydyr öýdülýär, olaryň içinde 12 sany çaga we aýal hem bar.

Awstriýa häkimiýetleri bu jesetlerde medisina barlagyny geçirip, olaryň ölümleriniň sebäplerini we nirede, haçan ölendiklerini kesgitlemäge synanýar.

Migrantlar lagerden gaçýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:08 0:00

BMG 2015-nji ýylda, şu wagta çenli, uruş we ykdysady kynçylyklar zerarly, Ýakyn Gündogardan we Afrikadan Ýewropa 300 müň çemesi adamyň gaçandygyny aýdýar.

Hasaplamalara görä, Ortaýerden deňzinden Gresiýa we Italiýa geçmek ugrundaky howply synanyşyklarda 2500 adam heläk boldy.

Wenger resmileri 29-njy awgustda, Serbiýa bilen serhetden ýurda girmekçi bolýan migrantlaryň öňüni almak üçin, 175 km uzynlykda üç gat tikenli sim haýatynyň çekilendigini aýtdy.

Şeýle-de, tikenli simiň golaýndan, wenger goşunlary tarapyndan dört metr beýiklikde haýat guruljagy aýdylýar.

Şu ýyl Wengriýa 140,000 bosgun girdi diýip hasaplanylýar, ýogsam bolmasa olaryň köpüsi Germaniýa ýaly gurply döwletlere geçirildi.

Şu aralykda, Germaniýa şu ýyl 800,000 migranty kabul etmäge garaşýar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG