Sepleriň elýeterliligi

Greste Sissini günä geçişe çagyrýar


Al-Jazeeranyň habarçysy Piter Greste Müsüriň prezidenti Abdel-Fattah el-Sissini, hersine üç ýyl türme tussaglygy berlenden soň, özüniň we öz iki kärdeşiniň günäsini geçmäge çagyrdy.

Bu höküm halkara derejesinde ýazgarmalar sebäp boldy. Awstraliýanyň raýaty Greste 30-njy awgustda, Sidnide guralan metbugat ýygnagynda çykyş edip, indi bu ýerde meseläniň çözgüdiniň prezident Sissä gelip dirändigini aýtdy.

Ol çykarylan hökümleri «ýalňyş» diýip, ret etdi we olaryň syýasy sebäplidigini aýtdy. Ol indi dünýäniň gözüniň Müsüre dikiljegini hem sözüne goşdy.

Greste 2013-nji ýylyň dekabrynda kanadaly Mohammed Fahmi, müsürli prodýuser Baher Mohammad bilen, Dohada ýerleşýän telewideniýe üçin işleýän wagty tussag edildi.

Kairdäki sud 29-njy awgustda, uzaga çeken suduň soňunda olara üç ýyl türme tussaglygy hökümini çykardy.

Bu sud metbugat azatlygynyň wagyzçylary we hukuk goraýjy aktiwistler tarapyndan dünýä derejesinde giňden tankyt edildi.

XS
SM
MD
LG