Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liderler ýaraşygy goldaýar


Fransiýanyň prezident diwany Fransiýanyň, Germaniýanyň we Orsýetiň gündogar Ukrainadaky doly ýaraşyk planlaryny goldajagyny aýdýar.

Kiýewiň we Orsýetiň goldawyndaky separatistleriň wekilleri 26-njy awgustda 1-nji sentýabrdan – täze okuw ýylynyň başlanýan gününden başlap, ýaraşyk düzgünlerini bozmagyň ählisini bes etmek barada ylalaşyga geldiler.

Fransuz, german we rus liderleri 29-njy awgustda telefonda gepleşenlerinden soň, fransuz prezidenti Fransua Ollandyň edarasy şeýle diýdi:

«Olar 1-nji sentýabrdan ýaraşyk düzgünleriniň bozulmagyny doly soňlamak baradaky çagyryşy berk goldadylar.”

Şeýle-de beýanatda Ollandyň german kansleri Angela Merkel, rus prezidenti Wladimir Putin bilen, ukrain prezidenti Petro Poroşenkonyň gatnaşmagynda, «gelýän hepdelerde» sammit geçirmegiň peýdaly boljagy barada ylalaşandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG